Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1694482
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Jemgyýetçilik işlerinde PJR testi hökmany” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyn Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýannamasynda 6-njy sentýabrda orta mekdepleriň adaty şertlerde açyljakdygyny nygtap: “Heniz sanjym etdirmedik mugallymlaryň we beýleki işgärlerin hepdede azyndan 2 gezek PJR testini etdirmegini isläris. Uçar we şäherler arasynda ýolagçylykda, konsert, kino-teatr ýaly jemgyýetçilik işleri üçin PJR testi düzgünini girizeris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Owganystanyn täze hökümeti ykrar edilermi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň Talibanyň Kabuly almagyndan soň Owganystanda guruljak täze hökümetiň ykrar edilmegi hakynda: “Hakykatdan hem giň gerimli hökümet gurularmy, gurulmazmy? Ony görmek isleýäris. Bu meselede halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde karar bereris” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Çehiýa Türkiýä Owganystan üçin sagbolsun aýtdy” söz başyly habarynda, Çeh Respublikasyndan Owganystandan göçüriş işleri üçin Türkiýä ýörite sagbolsun aýdylandygyny ýazýar. Çehiýanyň goranmak ministriniň orunbasary Ýan Hawrenegiň Türkiýäniň uçlarlaryn gonup, uçmaklaryny üpjün edýändigini we howpsuz aragatnaşyk üpjünçiligini ýola goýýandygyny aýtdy.

“Sabah” gazeti “ÝB-niň Türkiýe hakyndaky karary” söz başyly habarynda, ÝB-niň Türkiýe bilen bilelikde 3 ýurdun koronawirus sanjym şahadatnamasyny ykrar etmek hakynda karar kabul edendigini ýazýar. ÝB Komissiýasy Türkiýäniň, Demirgazyk Makedoniýanyň we Ukrainanyň Kowid-19 sanjym şahadatnamasyny “ykrar etmek” hakynda karar kabul edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Merkel türk professorlara sagbolsun aýtdy” söz başyly habarynda, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň Kowid-19 sanjymyny oýlap tapan türk alymlary Professor Ugur Şahin bilen Özlem Türejiniň esaslandyran “BioNTech” firmasynyň önümçilik desgasyna baryp görendigini mälim edýär. “Önümler beýle özüne çekiji däl, emma netijeji ajaýyp” diýen Merkel, Türejä we Şahine sagbolsuna aýtdy.



Degişli Habarlar