Türk metbugatynyň gysgaça mamuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1691860
Türk metbugatynyň gysgaça mamuny

Hürriýet” gazeti “Erdogan: Durnuklylyk üçin ähli tagallany ederis” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Stambulyň Gämi gurlyşyk werfleri serkerdeliginde geçirilen dabarada sözlän sözünde: “Owganystanyň durnyklylygy üçin ähli tagallany ederis. Bu meselede Pakistan bilen bilelikde işleşeris” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Prezident Erdogan: Goranyş senagatynda dünýäniň iň ýokary ligasyna çykarys” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Stambulyň Gämi gurlyşyk werfleri serkerdeliginde geçirilen dabarada Türkiýäniň goranyş senagatyndaky daşarky garaşlylygynyň 80 göterimden 20 göterime çenli aşakladandyklaryny beýan edip: “Goranyş senagartynda dünýäniň in ýokary ligasyna çykarys” diýen sözleri okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Türkiýe taryha geçdi! Dünýäde ilkinji!” söz başyly habarynda, Eskişehir Tehniki uniwersiteti tarapyndan dolandyrylýan we 2007-nji ýylda alan dolandyryş rugsady bilen dünýäde ilkinji, Türkiýede bolsa ýeke-täk “uniwersitet howa menzili” hökmünde taryha geçen Hasan Polatkan howa menziliniň Belgiýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Gollandiýadan, şol sanda haj we umra saparlary bilen birlikde ýylda 100 müň ýolagçy gatnadýandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Türk ter gök we miwe önümleri ýylyň 7 aýynda esasan Russiýa satyldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýanwar-iýyl aýlarynyň aralygynda eden 1,6 milliard dollarlyk ter gök we miwe önümleriniň eksportunyn 32 göterimini Russiýa edendigini, onuň gymmatynyň bolsa 526 million 828 müň dollara barabardygyny mälim edýär.

“Star” gazeti “NASA Türk lukmanyň astronomiýa fotosuratyny saýlap aldy” söz başyly habarynda, türk astronomiýa fotosuratçysy Dr.Mehmet Hakan Özsaraçyn Hubble Kosmos telefkopunyň alan suratynyň üstünde reňklendiren fotosuratynyň Amerikanyň Milli awiasiýa kosmos edarasy tarapyndan “Dünýäniň günüň astronomia fotosuraty” diýip saýlandygyna ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar