Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetlerde ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1689896
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýäniň migrasiýa syýasaty” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň hususy teleýaýlymlaryň bilelikdäki ýaýlymynda Türkiýäniň migrasiýa syýasaty hakynda beren beýanatynda: “Biziň Eýran, Yrak gümrük geçelgelerindäki diwarlarymyzyň gurluşygy dowam edýär. diwarlar bikanun göçüň ýurdumyza gelmeginiň öňüni almak üçin. Taýarlyklar dowam edýär. Serhetlerimize şeýle diwarlar çekilýär” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Ministr Akar pakistanly kärdeşi bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň Pakistana saparynyň dowamynda Goranyş önümçiligi ministri Zobaida Žalal bilen duşuşdygyny ýazýar. Akar duşuşykda FETÖ-niň başda durmagynda terrorizme garşy göreşde bilelikde hereket etmegiň ähmiýetini beýan etdi.

“Hürriýet” gazeti “ABŞ-ly Kongressmenleriň ÝUHU hakyndaky masgaraçylykly çagyry” söz başyly habarynda, ABŞ-da ermeni lobbisine ýakyn durýan 27 Kongressmeniň ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinkene ýazan hatynda “Baýkar Sawunma” firmasy tarapyndan öndürilen uçarmansyz ýaragly we ýaragsyz howa ulaglarynyň Günorta Aziýada, Kawkazda, Demirgazyk Afrikada, Gündogar Ortaýer deňizinde we Ýakyn Gündogarda Amerikan bähbitlerine bap gelmeýändigini beýan edip, ABŞ-nyň Türkiýä dron tehnologiýasyny eksport etmegi duruzmagy üçin çagyryş berendiklerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Dünýä belli “Wiwo” firmasy Türkiýede önümçilige başlady” söz başyly habarynda, Hytaýyň öýjükli telefon öndürüjisi “Wiwonyň” Gebze şäherinde 20 million dollar maýa goýumy bilen açan zawodunda ilkinji öýjükli telefonlary öndürendigini mälim edýär. Ýylda 5 million sany öýjükli telefon öndürmegi maksat edinýän desganyň 2 müň adamy iş bilen üpjün etjekdigi habar berilýär.

“Sabah” gazeti “Türkiýe “Deňiz okunynyň” eksportunda dünýä birinjisi” söz başyly habarynda, Samsun Sinop Deňiz Önümlerini Öndürijiler Bileleşiginiň Başlygy Osman Parlagyň Türkiýäniň deňiz okunynyň eksportunda dünýäde birinji orny eýeleýändigini aýdandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar