Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1685830
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “ÝB-ne DKTR boýunça reaksiýa: Sizi kimler korkuzýar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň göni ýaýlymda beren beýannamasynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tataryň egilşiksiz pozisiýa eýeländigini nygtap: “Biziň ýüzlenmelerimizi degişli ýolbaşçylara ýetirdi. Deň hukukly iki özygtyýarly döwlet, şondan egilşik edilmez. “Biz ýene-de 50 ýyl garaşmarys” diýdi. Näme edilmeli bolsa edilsin. ÝB-niň resmileri Kipriň günortasyna gelende Demirgazyga näme üçin geçmeýäňiz? Sizi kimler korkuzýar?” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Altun ABŞ-na berk reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altunyň ABŞ-nyň käbir owganlaryň Türkiýe bilen birlikde üçünji ýurtlaryň üstaşyr ABŞ-na gelmek üçin ýüz tutup biljekdiklerini beýan etmegine: “Türkiýe hiç kimiň garaşylýan otagy däldir, bolmazam” diýip, reaksiýa bildirendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Selçuk Baýraktar: 10 ýurt bilen TB2 uçarmansyz howa ulagy üçin şertnamalaryň üstünde işleýäris” söz başyly habarynda, “BAÝKAR” tehnologiýa firmasynyň müdiri Selçuk Baýraktaryň häzirki wagtda 4 ýurda eksport edilen “Baýraktar TB2” uçarmansyz howa ulagy üçin 10 ýurt bilen şertnama baglaşmagy göz öňünde tutýandyklaryny aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “Ukraina “Baýraktar TB2-de” iňňän hoşal” söz başyly habarynda, Ukrainanyň Döwlet ylmy barlag institutynyň “Baýraktar TB2” uçarmansyz howa ulaglarynyň elektron söweş şertlerine çydamlylygy boýunça geçirilen synagyň netijelerini çap edendigini ýazýar. İnstitutdan berilen resmi beýannamada “Baýraktar TB2” dürli döwrebap elektron söweş bökdençliklerinden ybarat synagdan geçirildi. Synagyň netijelerine görä “TB2-niň” elektron söweşden peýdalanylýan döwrebap uruş şertlerinde söweş ukyby ýokary” diýilýär.

“Haber Türk” gazeti “Göwher eksporty 7 aýda 48,5 göterim artdy” söz başyşly habarynda, Türkiýäniň altyn-kümüş eksportunyň ýylyň 7 aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 48,5 göterim ýokarlap, 2,9 milliard dollara barabar bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar