Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1684112
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Türkiýeden Gresiýa nota" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň serhediň Gresiýa tarapyndan ýönekeý egin-eşikli adamlar tarapyndan od açylyp Edirne welaýatynda bir raýatyň öldürilmegi bilen bagly Gresiýa nota berendigini habar berýär. 

Star gazedi: "Ministr Warank: Täze tapgyra ýakyn wagtda geçeris" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warankyň: "VLP esasly ýerli sanjym dalaşgärimiz hem raýatlarymyzyň pidakärlikleri bilen soňky sepgide ýetip barýar. 2-nji tapgyr synaglar tamamlanyp barýar, 3-nji tapgyr synaglara nesip bolsa ýakyn wagtda geçeris. Bu sanjymyň koronawirusyň täze görnüşlerine garşy hem täsirli boljakdygyny pikir edýäris" diýendigini mälim edýär. 

Ýeni Şafak gazedi: "Deňiziň aşagyndan geçiriljek turbanyň önümçiligi başlandy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň Gara deňizdäki tebigy gaz boýunça işleriň uly depginler bile alynyp barylýandygyny, deňiziň aşagyndan geçiriljek 169 kilometrlik turbanyň ilkinji önümçiliginiň başlanandygyny aýdandygyny beýan edýär. 

Haber Türk gazedi: "Warank, diri balyk daşajak dünýäniň iň uly gämisiniň ilkinji kebşirleýiş işini ýerine ýetirdi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warankyň, Ýalowa welaýatynyň Altynowa etrabyndaky Jemre gämi gurluşyk ussahanasynda guruljak diri balyk daşajak dünýäniň iň uly gämisiniň ilkinji kebşirleýiş işini ýerine ýetirendigini habar berýär. Norwegiýa eksport ediljek gäminiň 2023-nji ýylda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

Sabah gazedi: "Stambula soňky 16 aýyň iň köp syýahatçysy iýun aýynda geldi" söz başyly habarynda, Stambul şäherine kadalaşma tapgyryna geçilmeginden soň 684 621 daşary ýurtly syýahatçynyň gelendigini, şol görkezijiniň soňky 16 aýyň iň ýokary görkezijisidigini aýan edýär. Stambula gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň arasynda nemesler 70 müň 989 syýahatçy bilen sanawyň ilkinji ornuny eýelediler. Nemes syýahatçylardan soň sanawda nobat bilen eýranlylar, amerikalylar, ukrainalylar, yraklylar, fransuzlar we ruslar bar.  


Etiketkalar: #habar , #Türkiýe , #gazet

Degişli Habarlar