Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1682630
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Azerbaýjan bilen Türkiýäni birikdirýän koridor” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň Başlygynyň wekili Numan Kurtulmuşyň Azerbaýjany türk dünýäsine we Türkiýä birikdirjek Zengezur koridorynyň iňňän möhüm ähmiýete eýedigini beýan edendigini ýazýar. Kurtulmuş: “Bu koridor açylan halatynda diňe bir Bakuwa däl, türki dilli döwletlere hem üznüksiz gatnaw mümkinçiligi bolar” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe Liwiýada esasy güýçlerden biri” söz başyly habarynda, ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we Howpsuzlyk syýasatlaryndan jogapkär Ýokary wekili Josep Borrelliň İspaniýanyň “El Pais” gazetine beren interwýusynda Türkiýäniň Liwiýada esasy güýçlerden birine öwrülendigini aýdandygyny ýazýar. Liwiýada türk harby deňiz bazalarynyň bardygyny nygtan Borrell: “Ol hem Türkiýäniň orta Ortaýer deňizinden hem immigrantlar meselesinde täsiriniň boljakdygyny aňladýar” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Owgan göçüne garşy 3 çäre” söz başyly habarynda, owgan göçüne garşy serhetlerdäki gözegçilik güýçlendirilýän bolsa, Türk ýaragly güýçleriniň üç tapgyrly howpsuzlyk düzgünini iş ýüzüne geçirýändigini ýazýar. Birinji tapgyrda barlag, gözegçilik, patrullyk, ikinji tapgyrda öňüni alyş, üçünji tapgyrda bolsa ele salma, ýurtdan çykarmak we hukuky proseduralar bar. Howpsuzlyk çeşmeleri owgan bosgunlar bilen bagly sojial mediada ýaýradylýan fotoguraflaryň köpüsiniň täze ýa-da Türkiýe serhetlerinde alynmandygyny beýan edýär.

“Star” gazeti “Tebigy gazda täze açyşlara garaşylýar” söz başyly habarynda, tebigy gaz açyşlary boýunça beýannama beren Energetika we tebigy serişdeler minisitri Fatih Dönmeziň; “Bärde (Gara deňizde) 10 ýylyň dowamynda bize ýetjek gaz tapdyk. Açyşlar dowam edýär we biz umytly. Ýylyň ahyrynda ýa-da geljek ýylyň başynda günbatar tarapda uly açyş edip bileris. Maksadymyz energiýa serişdelerinde daşarky garaşlylygy ortadan aýyrmak” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Türkiýäniň täze güýji “Sanjak” “ söz başyly habarynda, Amerikanyň goranyş pudagy boýunça habarlar saýtlaryndan “Defens Nýusda” çap edilen habarda, Türkiýede öndürilen “SANJAK-yň” ýokary ukybynyň tanyşdyrylandygyny mälim edýär. Makalada ulgamyň gury ýerden, howa giňişliginden weý akyn aralykdan dik tolkunlar bilen nyşana alynan enjamlaryň signallaryny hatardan çykarýandygy we aragatnaşyk ulgamyny kesýändigi nygtalýar. Makalada: “Ulgam ýokary dolkunly enjamlary bloklamaga gönükdirilen. Şeýlelikde göz öňünde tutulan enjama ýalňyş maglumat ugradylyp, ýaranlaryň taktiki taýdan üstünlik gazanmagyny üpjün edýär” diýilýär.



Degişli Habarlar