Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1667155
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Ýewropanyň Abandalaşdyryş we ösüş banky Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 5,5 göterim ösjekdigini çaklaýar” söz başyly habarynda, Ýewropanyň Abandalaşdyryş we ösüş bankynyň çaklamalaryna görä Türkiýäniň ykdysadyýetiniň şu ýyl 5,5 göterim ösjekdigini ýazýar. Şol ösüş mukdary 2020-nji ýylyň oktýabryndak çaklama görä 0,5 göterim ýokarlandyryldy. Bankyň habarnamasynda türk ykdysadyýetinde şu ýyl üçin göz öňünde tutulýan ösüş depgininde eksportuň artmagynyň täsiri bolar.

“Watan” gazeti “Dünýä Türk ÝUHU-larynyň yzynda” söz başyly habarynda, Türk önümi ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň halkara derejesindäki meşhurlugynyň günsaýyn artýandygyna ünsleri çekýär. Türk ÝUHU-laryny inwentaryna goşmak üçin taýarlyk görýän ýurtlaryň hataryna Polşadan soň ýene-de bir ýurt goşuldy. Albaniýanyň Parlamenti türk ÝUHU-lary üçin 8 million ýewrodan gowrak serişde bölüp berdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ýewropanyň mediasy THÝ-na kanagatlanma bildirýär” söz başyly habarynda, koronawirus pandemiýasynda agyr şertlere sezewar bolan awiasiýa pudagynda başarjaňlyk görkezen Türk howaýollarynyň şol üstünligi bilen ünsleri özünde jemleýändigini mälim edýär. Germaniýanyň we Fransiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri pandemiýa garamazdan maliýe taýdan ýyly gowy tamamlan THÝ üçin “Çeýe çäreleriň netijesi,nde pandemiýada başarjaňlyk görkezdi” diýip ýazýar.

“Star” gazeti “Türkiýe bilen Sudanyň arasynda möhüm hyzmatdaşlyk” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Sudanyň arasynda oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk ediljekdigini ýazýar. Ylalaşykda nusgawy fermer hojalygy, tohumçylyk, ekerançylyk barlaglary, oba hojalyk keselleri, önümçiligiň ýokarlandyrylmagy we tälimi bilen bagly maddalar bar. Türk işewürleriniň Sudandaky oba hojalyk işleriniň ýany bilen iki ýurt oba hojalyk pudagynda tehniki ukyplaryny alyşarlar.

“Sabah” gazeti “Türk milli ýygyndy basketbol komandasy birinji bäsleşiginde Uruguwaýy 95-86 hasabynda utdy” söz başyly habarynda, türk milli ýygyndy erkek basketbol komandasy Kanadanyň FİBA-nyň olimpiýada seçip alyşlarynyň birinji bäsleşiginde Uruguwaýy 95-86 hasabynda utandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar