Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1642996
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Çawuşoglyň BMG-däki möhüm çykyşy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň düýn BMG-niň Baş Assambleýasynyň Palestina meselesi boýunça geçiren maslahatynda Ysraýylyň Palestinadaky basybalyjylygyny ortadan aýyrmak üçin halkara jemgyýetçiliginiň mobilizlenmelidigini beýan edendigini ýazýar. Ministr Çawuşogly çözgüdiň maksatnamasyny bütin dünýä gürrüň berdi. Çawuşogly BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň borçlaryny berjaý edip bilmeýändigini nygtap; “Adalatsyzlyga dymmak, edilýän jenaýata şärik bolmakdyr” diýdi.

“Sabah” gazeti “Ministr Soýly terrorizme garşy göreş hakynda möhüm maglumatlar berdi” söz başyly habarynda, İçeri işler ministri Süleýman Soýlunyň düýn beren beýannamasynda Türkiýäniň terrorizme garşy göreşde bütin dünýä görelde bolandygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. Ministr Soýlu; “Terror guramalarynyň ählisine basyş etdik. Esasanda soňky döwürde terror guramalarynyň hamala ýokary derejeli ýolbaşçylaryny ele geçirýäris. Sebäbi halka günsaýyn daralýar” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Ministr Koja bilen Professor Şahin möhüm beýannamalar berdiler” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň düýn Ylmy geňeşiň masslahatyndan soň beren beýannamasynda “BioNTech” sanjymy üçin 120 million dozalyk şertnama baglaşylandygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. Wideokonferensiýa ulgamy arkaly maslahata gatnaşan “BioNTech” firmasynyň ýolbaşçysy Professor Ugur Şahin bolsa “120 million doza üçin gol çekişdik. İýun aýynyň ahyryna çenli 30 million doza ugratmak isleýäris. İýul-awgust we sentýabr aýlarynda bolsa 120 million dozany doly ugratmagy meýilleşdirýäris. Alla ýol berse bilelikde hötdesinden geleris” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe 519 mawy baýdakly plýažy bilen dünýä üçünjisi” söz başyly habarynda, Daşky gurşawy goramak we şähergurluşyk ministri Murat Kurumyň Türkiýänin şu ýyl 519 sany mawy baýdakly plýažy bilen dünýäde üçünji orny eýeländigini aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Star” gazeti “Burak Ýylmaz ýene buýsandyrdy” söz başyly habarynda, Fransiýanyň 1-nji ligasynda Lille komandasynyň hatarynda çykyş eden türk milli ýygyndy komandasynyň futbolçysy Burak Ýylmazyň gazanan üstünligi bilen ligada aýyň türgeni derejesini eýeländigini ýazýar. Ýylmaz dekabr we aprel aýlarynda-da aýyň türgeni derejesini eýeläpdi.



Degişli Habarlar