Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny

Gd! Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1642408
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Bütin Türkiýe ýek-ýürek boldy” söz başyly habarynda, 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy mynasybetli raýatlaryň düýn sagat 19:19-da penjirelerine we balkonlaryna çykyp, Garaşsyzlyk mukamyny buýsanç bilen ýerine ýetirendigini mälim edýär. Prezident R.T.Erdogan hem bütin ýurtda şol bir pursatda ýerine ýetirilen garaşsyzlyk mukamyny Çankaýa köşkünde milli türgenler bilen ýerine ýetirdi.

“Haber Türk” gazeti “Prezident Erdoganyň ABŞ-na jogaby: “Näme edeli, çapak çalalymy?” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Palestinadaky gyrgynçylyklar hakynda ABŞ-nyň döwlet sekretarlygynyň garşylyk döreden beýannamasyna jogap berip: “Bütin dünýäde demokratiýa, adam hukuklary, hukuk, adalat, azatlyk, howpsuzlyk boýunça wagyz geçirýän guramalar we döwletler bu zuluma dymmak bilen syn edýär. Bize bolsa “Erdogan beýle geplemeli däl” diýýärler. Näme edeli, çapak çalalymy” diýendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Daşary işler ministrligi ABŞ-na berk reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň döwlet sekretarlygynyň Prezident Erdogany Ysraýylyn gyrgynçylyklaryna garşy berk reaksiýa görkezendigi üçin antisemitistlik etmekde günäkärlemegine Daşary işler ministrliginiň berk reaksiýa bildirendigine ünsleri çekýär. Berilen beýannamada ABŞ-na esassyz günäkärlemelerin ýerine Ysraýylyň hüjümlerini duruzmagy üçin çagyryş edip, “Prezidentimize garşy töhmetleri doly ret edýäris” diýilýär.

“Star” gazeti “Ministr Blaşagyň türk ÝUHU-sy bilen bagly tolgundyryjy habarnamasy” söz başyly habarynda, Ukrainadan soň Polşanyn asmanlarynda-da türk UHU-larynyň we ÝUHU-larynyň uçjakdygyny mälim edýär. BAÝRAKTAR TB2-niň fotosuratlaryny sosial media hasabyndan paýlaşan Polşanyň Goranmak ministri Mariusz Blaşagyn “Golaýda gowy habarlar gelip gowşar… Bizi ünsden düşürmäň” diýip ýazdy.

“Sabah” gazeti “Nemes metbugaty TJG Anadolyny ýazdy: Dünýäde ilkinji bolar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýerli we milli uçar gämisi “TJG Anadolynyň” nemes metbugatynyň üns merkezinde orun eýeländigini ýazýar. Ýaragly uçarmansyz howa ulagy tehnologiýasy bilen uçar gämisinin güýjüni birleşdiren ilkinji gämi boljak “TJG Anadolynyň” tehniki özbolyşlary hakynda ýazan nemes gazeti, şol tehnologiýanyn türk goşunyny hasam güýçlendirjekdigine ünsleri çekdi.



Degişli Habarlar