Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tetibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1641194
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogandan Baýdene: Ganly elleriň bilen taryh ýazýaň!” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ABŞ-nyň Ysraýyla ýarag satuwuny tassyklamagyna reaksiýa bildirendigini ýazýar. Erdogan, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdene: “Ummasyz uly güýç bilen Gaza hüjüm edýän we ýüzlerçe müň adamyň ýogalmagyna sebäp bolan bu wakada-da gynansagam siz ganly elleriňiz bilen taryh ýazýaňyz” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Erdoganyň Iýerusalim hakyndaky teklibi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Kiprde bolşy ýaly Palestinada hem iki döwletli, adyl çözgüdiň tarapynda durýandyklaryny beýan edip; “Paýtagty Iýerusalim bolan Palestina döwletinin gurulmagy üçin ähli platformalardan tagalla ederis” diýen sözlerini çap edýär. Erdogan Iýerusalimin üç diniň wekilleri tarapyndan dolandyrylmagynyň bar bolan şertlerde iň ýerlikli çykalga boljakdygyny aýtdy.

“Star” gazeti “Ysraýyly baýkot çagyryşy” söz başyly habarynda, Bosniýa-Gersegowinada Demokratik hereket partiýasynyň Başlygy Bakir İzzetbegowiçiň Prezident Erdoganyň palestinalylara edilýän rehimsizlige berk reaksiýa görkezýän seýrek liderlerden biridigini aýdandygyny mälim edýär. Ysraýyl tarapyndan bombalanan harabalyklardan çagalaryň jesetleriniň çykarylýandygyny nygtan Izzetbegowiç, musulmanlary Ysraýyly baýkot etmäge çagyrdy.

“Watan” gazeti “PKK agyr zarba” söz başyly habarynda, ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadan jogapkär ýolbaşçysy “Sofi Nurettin” atly terrorçynyň Milli howpsuzlyk gullugynyň Yragyň demirgazygynda geçiren operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. PKK-nyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryndan diýilýän asly siriýualy şol terrorçy ençeme wagtdan bäri guramanyň ýaragly böleginiň ýolbaşçysy bolup işledi, soň bolsa Siriýadaky terrorçylykly aksiýalaryň başyna geçipdi.

“Sabah” gazeti “Türkiýe bütin dünýä gumanitar taýdan görelde bolýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň dünýä jemgyýetçiligine gumanitar taýdan görelde bolmaga dowam edýändigine ünsleri çekýär. Izmiriň Seferihisar etabynyň deňiz ýalpaklarynda iş alyp barýan Kernaýaka howpsuzlyk uçary Gresiýa tarapyndan bikanun bosgunlaryň türk suw giňişligine taşlanandygyny anyklady we 32 bosgun kenarýaka howpsuzlyk gämileri tarapyndan halas edildi.



Degişli Habarlar