Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1639257
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Prezident Erdogan Ak metjidi boýunça diplomatisyny dowam etdirýär” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Malaýziýanyň ozalky Premýer-ministri Mahathir Mohammed, Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani, Gyrgyzstanyň döwlet Ýolbaşçysy Sadyr Japarow we Yragyň Premýer-minstri Mustafa Kazymi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, Ysraýylyň Palestina guraýan hüjümleri we basyşlary hakynda pikir alyşandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Akar: Grek goňşularymyz meçew bermelerden, abaý-syýasat diskursyndan el çekmeli” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň “Grek goňşularymyz meçew bermelerden, abaý-syýasat diskursyndan el çekmeli. Türkiýä “imperialist” diýýänler 1821-2020-nji ýyllaryň arasyndaky karta seretsinler, kim imperialist” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatna ýetirýär.

“Star” gazeti “Aýasofýada 87 ýyl soň ilkinji gezek” söz başyly habarynda, muzeýe öwrülmeginden soň ýaňadandan ybadata açylan Aýasofýa metjidinde 87 ýyl soň ilkinji gezek baýram namazynyň okalandygyny ýazýar. Namazy Din işleri guramasynyň Başlygy Professor Ali Erbaş okatdy.

“Hürriýet” gazeti “Fransuz kosmonawtyň adaty bolmadyk Oraza baýramy gutlagy” söz başyly habarynda, “SpeýsX” tarapyndan Falkon raketasy bilen 23-nji arelde Halkara kosmos bekedine uçurylan fransuz kosmonawty Tomas Pežotyň Käbäni aç-açan görkezýän we Mekgäniň älem giňişliginden gije alynan fotosuratyny paýlaşyp, musulmanlaryň Oraza baýramyny gutlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Türk howaýollary Ýewropada birinjiligi elden bermeýär” söz başyly habarynda, Ýewropanyň awianawigasiýa howpsuzlygy guramassynyň 11-nji maýdaky uçuş gatnawy habarnamasyna görä Türk howaýollarynyň şol gün ýerine ýetiren ortaça 448 uçuş bilen ýewropaly bäsdeşlerinden öňe geçendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar