Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1626059
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Prezident Erdogan grek ministri Dendiasyň ýerliksiz günäkärlemelerine çürt kesik jogap beren Çawuşogluna sagbolsun aýtdy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn partiýasynyň Mejlis toparynyň maslahatynda sözlän sözünde geçen hepde Ankarada saparda bolan Gresiýanyň Daşary işler ministriniň kärdeşi Mewlüt Çawuşogly bilen geçiren metbugat ýygnagy hakynda durup geçendigini ýazýar. Erdogan Daşary işler ministr Mewlüt Çawuşogluna grek ministri Nikos Dendiasa sapak häsýetli beýannamasy üçin sagbolsun aýtdy.

“Haber Türk” gazeti “Söwda ministri Muş: Ýeke-täk maksadymyz 84 millionyň durmuş şertlerini ýokarlandyrmak” söz başyly habarynda, Söwda ministri Mehmet Muşuň: “Türkiýäniň eksport mukdarynyň artdyrylmagy we ykdsyady güýjüniň, durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagy üçin elimizden geleni ederis. Ýeke-täk maksadymyz bar, 84 millionyň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “Ýylyň birinji çärýeginde ýer tudanasynyň eksporty 333 göterim artdy” söz başyly habarynda, ter, doňdurylan ýa-da kakadylan görnüşde 29 ýurda eksport edilýän ýer tudanasynyň Türkiýe boýunça eksportunyň 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde rekord derejede ýokarlap, 333 göterim artdandygyna ünsleri çekýär. Türkiýäniň ýer tudanasy eksport 3 aýyň dowamynda 993 müň dollardan 4,3 million dollara ýetdi.

“Star” gazeti “Independent: Ýewropanyň täjini Stambul alar” söz başyly habarynda, Britaniýada çap edilýän “İndependent” gazetiniň syýahatçylyk bölüminiň habarçysy Simon Kalderiň “Awiasiasiýa analitigi Hitrowyň Ýewropanyň täjini Stambula aldyrjakdygyny beýan edýär” söz başyly makala çap edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Kalderiň makalasynda: “Halkara üsaşyr geçiş merkezleri koronawirus pandemiýasyndan soň şertler kadalaşýança Stambulyň mega howa menziliniň özüni Ýewropanyň iň gelim-gidimlisi hökmünde ykrat etdirjege meňzeýär” diýilýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “YouTube Kids Türkiýede ulanmaga berildi” söz başyly habarynda, “Yutubyň” dünýä boýunça ençeme ýurtda ulanama hödürlenen “YouTube Kids” aplikasiýasynyň Türkiýede hem ulanyjylara hödürlenendigini mälim edýär. Çagalar üçin niýetlenen serwisde ýaş aralyklaryna görä ýörite filtrleme ulgamyndan peýdalanmak mümkin.

 



Degişli Habarlar