Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1621645
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Ýaşlar sorady, Prezident Erdogan jogap berdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn “Kitaphana söhbetleri” atly çäräniň çäginde Millet kitaphanasynda ýaşlaryň soraglaryna jogap berendigini ýazýar. Erdogan Kanal Stambul taslamasy hakynda; “Ol ýerde öz garaşsyzlygymyzy, özygtyýarlylygymyzy dolulygyna üpjün edýän eser döredýäris” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Çawuşoglunyň Müsür boýunça beýannamasy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň düýn beren beýannamasynda; “Müsür bilen gatnaşyklarda täze döwür başlaýar, özara saparlar we duşuşyklar hem bolar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Altun: Uaýlders rasizme, zorluga we faşizme wekilçilik edýär” söz başyly habarynda, Gollandiýanyň Azatlyk partiýasynyň lideri rasist Gert Uaýldersiň: “Yslamy we remezany duruzyň” görnüşindäki habarnamasyna reaksiýa bildiren Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun: “Ýüreksiz Uaýlders radikalizme, rasizme, zorluga we faşizme wekilçilik edýär. Yslam radikalizmi, zorlugy, rasizmi we faşizmi ýazgarýar. Rasizmi duruzyň” diýdi.

“Star” gazeti “Ganlary ýerde galmady! Mämişi topardaky terrorçy öldürildi” söz başyly habarynda, İçeri işler ministri Süleýman Soýlu Dikarbakyr welaýatynda asuda ilatdan 5 adamy we 1 žandarm gullukçysyny şehit eden biri “mämişi” topardaky ekstremist terror guramasy PKK-nyň 2 agzasynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini beýan edendigine ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “Baş ştabyň Başlygy, general Ýaşar Güler ABŞ-nyň Baş ştabynyň Başlygy general Mark Milleý bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Baş ştabyň Başlygy general Gülerin düýn ABŞ-nyň Baş ştabynyň Başlygy general Mark Milleý telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, aktual meseleler hakynda pikir alyşandygyny ýazýar.

 



Degişli Habarlar