Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1611861
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: Ýerli sanjymyzy bütin adamzadyň ulanmagyna bereris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ilatyny tas doly sanjymlan ýurtlar barka, milliardlarça adamyň ilkinji doza sanjyma elýetersiz bolmagynyň iňňän aladalandyryjydygyny aýdandygyny ýazýar. Prezident Erdogan: “Ýerli sanjym boýunça taýarlyklarymyz tamamlandan soň sanjymymyzy iň amatly şertlerde bütin adamzadyň ulanmagyna hödürlemegi nazarda tutýarys” diýdi.

“Star” gazeti: “Türkiýe bütin dünýä çürt kesik ýülendi” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň başlyklyk etmegimnde geçirilen Milli howpsyzlyk geňeşiniň mejlisinden soň berilen beýannamada Siriýadaky taraplara gumanitar pajygany agyrlaşdyrýan çemeleşmelerini bes etmekleri üçin çagyryş edilendigine ünsleri çekýär. Beýannamada Türkiýä garşy syýasatyny güýçlendiren Gresiýa halkara hukugyň kadalaryny berjaý etmäge çagyryldy. Liwiýanyň halkyna berilýän goldawyň dowam etjekdigi, Kipr we Gündogar Ortaýer deňizi üçin adalatlylygyň ähmiýeti nygtaldy.

“Sabah” gazeti Josep Borrel Türkiýe kanagatlanma bildirdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň strategik ähmiýetini nygtan Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň başda durmagynda ýewropaly syýasatçylaryň toparyna Josep Borreliň hem goşulandygyny mälim edýär. Gazet ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we Howpsyzlyk syýasatyndan jogapkär ýolbaşçysy Borrel ÝB-niň Türkiýe bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmelidigini beýan etdi.

“Watan” gazeti “Türkiýe oba hojalyk önümçiliginde Ýewropada birinji, dünýäde biriji onlukda” söz başyly habarynda, Türkiýäniň oba hojalyk önümçiliginde Ýewropada birinji orny eýeleýändigini, dünýäde bolsa ilkinji onlukda durýandygyny ýaýzar. Jemi ösümlik önümçiligi 9 million tonna artyp, 126 million tonna ýetdi we Respublika taryhynyň rekorduny goýdy. Ýurduň iri şahly mal sany 2020-nji ýylda 18,2 milliona ýetdi we ol hem ýurduň taryhynyň rekord derejesi hökmünde hasaba alyndy.

“Haber Türk” gazeti “Wan kölüniň älem giňişliginden alynan suraty ýarym finalda” söz başyly habarynda, Amerikanyň Awiasiýa we kosmos gullugynyň kosmonawtlar tarapyndan alynan onlaýn fotosurat bäsleşiginde Wan kölüniň älem giňişliginden alynan suratynyň 28 fotosuratdan öňe saýlanyp, ýarym finala çykandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar