Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1610226
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Baýraktar: AKYNJY PT-3-i mundan artyk ýerde saklap bilmedik” söz başyly habarynda, “Baýkar” firmasynyň Tehniki müdiri Selçuk Baýraktaryň sosial media hasabyndan “AKYNJY PT-3-iň” ilkinji uçuşyny üstünlik bilen tamamlandygyny habar berendigini ýazýar. Baýraktar habarnamasynda “AKYNJY PT-3-i mundan artyk ýerde saklap bilmedik. Şu gün ilkinji uçuşyny üstünlik bilen tamamlady” diýip ýazdy.

“Sabah” gazeti “Kilki eksporty 2021-nji ýylyň iki aýynda 1,8 million dollar girdeji getirdi” söz başyly habarynda, Türkiýeden ýylyň iki aýynda 18 ýurda 1,8 million dollara barabar kilki balygynyň eksport edilendigini, Belgiýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň eksportda başy çekýändigini mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Türk oýunlary dünýä derejesinden ýokarda bal aldy” söz başyly habarynda, türk elektron neşirýatçylarynyň aplikasion dükany “Google Pleýdäki” oýunlary, oýun muşdaklaryndan 3,94 bal alandygyny mälim edýär. Platformadaky äli modil oýunlaryň umumy ortaça baly bolsa 3,76 body.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türk hirurgy Özel, Özbegistanda 11 çagany operasiýa etdi” söz başyly habarynda, Hitit uniwersitetiniň Lukmançylyk fakultetiniň prorektory professor Çagataý Ewrim Afşarlaryň çakylyk esasynda Özbegistana baryp, 11 çagany operasiýa edendigini we özbek kärdeşleri bilen tejribe alyşandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Türkiýe-Latwiýa bäsleşigi janköýerli oýnalar” söz başyly habarynda, FİFA-nyň 2022-nji ýylyň Dün kubogynyň seçip alyş bäsleşikleriniň G toparynda 30-njy mart sişenbe güni Stambulyň Atatürk adyndaky olimpiýada stadionynda oýnaljak Türkiýe-Latwiýa bäsleşiginiň 15 göterime barabar janköýer kabul ediljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar