Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1607202
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezident Erdoganyň diplomatik tagallalary” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Italiýanyň Premýer-ministri Mario Draghi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini, soň bolsa Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen wideoargatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirendigini ýazýar. Erdogan, Graghi bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde özara söwda gatnaşyklary, migrasiýa meselesi, wiza erkinligi we sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşyldy. Merkel bilen geçirilen duşuşykda bolsa Türkiýäniň Egeý, Gündogar Ortaýer deňizi meselesinde hyzmatdaşlygyň tarapynda durýan Prezident Erdogan, dialogyň netijeli dowam etdirilmegi üçin Gresiýanyň goldanmalydygyny aýtdy.

“Sabah” gazeti “ÝB, Türkiýe bilen söwda gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga taýar” söz başyly habarynda, “Reýter” habarlar gullugynyň ÝB-ne agza ýurtlaryň şu hepde geçiriljek liderler derejesindäki maslahatynyň beýannamasynyň taslamasyna esaslanyp berýän habaryna görä liderler, ÝB Komissiýasyna Türkiýe bilen Gümrük bileleşiginiň şertleriniň özgerdilmegi üçin geňeşmeleriň geçirilmegine ygtyýar bermegi üçin pikir alyşarlar. Liderler siriýalylara ýer eýeçiligini edýändigini üçin Türkiýe berilýän maliýe goldawynyň berilmeginiň möhümdigini nygtarlar. Aýratynam Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda ýokary derejeli maslahatlaryň hem-de diplomatik gatnaşyklaryň depgini ýokarlandyrylar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Çawuşogly: PKK/ÝPG Yrak we Siriýa üçin howp” söz başyly habarynda, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilen NATO-nyň maslahatynda çykyş eden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň Yrak we Siriýa üçin howp emele getirýändigini aýdandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Hytaýdan Türkiýä resmi sapar” söz başyly habarynda, Hytaýyň Daşary işler ministri Wan Ýiniň Türkiýä resmi sapar bilen geljekdigini mälim edýär. Habarda Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada; “Wan Ýi mart aýynyň 24-26-sy aralygynda ýurdumyzda resmi saparda bolar. Duşuşyklarda özara gatnaşyklaryň ýany bilen sebitleýin hem-de halkara meseleler ara alynyp maslahatlaşylar. Myhman ministr Prezident R.T.Erdogan tarapyndan hem kabul ediler” diýilýär.



Degişli Habarlar