Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1604392
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Çanakgala deňiz ýeňişiniň 106-njy ýyllygy bellenilip geçildi” söz başyly habarynda, Çanakgala deňiz ýeňişiniň 106-njy ýyllygynyň we 18-nji mart Şehitleri hatyralama güni mynasybetli taryhy Gallipoli ýarym adasyndaky Şehitler ýadygärliginiň öňünde dabara geçirilendigini ýazýar. Dabarada Çanakgala dessanynyň gahryman şehitleri hatyralandy. Prezident R.T.Erdogan ugradan ýüzlenmesinde: “Taryhda, watanymyzy basyp almaga synanşlaryň hyrçyny dişlän ençeme wakasy bar” diýdi.

“Sabah” gazeti “Ministr Akaryň ABŞ we Gresiýa hakyndaky ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň ABŞ-nyn ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG bilen däl, eýsem Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk etmelidigini, onuň hakykata laýyk boljakdygyny beýan edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gresiýanyň bolsa Egeý we Ortaýer deňizindäki meçew beriji başlangyçlarynyň kabul edilmesizdigini beýan eden Akar; “Olar meseläniň çözülmegine goşant goşmaz. Bular bilen hiç hili netijä ýetilmejekdigini hemmeler bilmeli” diýdi.

“Star” gazeti “ÝB-den ýakynlaşma başlangyjy” söz başyly habarynda, ÝB-niň Türkiýe bilen Gündogar Ortaýer deňizindäki dartgynlykdan soň emele gelen oňyn atmosferany dowam etdirmek we meseleleriň çözülmegi üçin dialogyň yzgiderliligi üpjün etmek isleýändine ünsleri çekýär. ÝB-niň ýolbaşçylaryndan biri, Türkiýäniň ÝB üçin eýe bolan ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtap; “ABŞ blen geňeşmelerimiziň ileri tutulýan ugurlaryndan biri Türkiýe. Türkiýe ÝB-ne agzalyga dalaşgär ýurt, ýakyn goňşy we NATO agza. ABŞ bilen geçirilýän gepleşiklerde Türkiýe hakynda Russiýa ýa-da Hytaý hakynda gepleşişimiz ýaly gepleşip bilmeris” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Tatar: maksadymyz DKTR-nyň özygtyýarlylygyny ykrar etdirmek” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tataryň Kipr meselesiniň milli mesele, şol bir wagtda-da özygtyýarlylyk meselesidigini beýan edendigini ýazýar. Ähli tagallanyň bütin dünýä, DKTR-nyň bar bolan özygtyýarlylygyny ykrar etdirmekdigini nygtan Tatar, türk goşunynyň bolsa adada galjakdygyny aýtdy.

“Haber Türk” gazeti “Casper ilkinji ýerli telefony “VIA F20-ni satuwa çykardy” söz başyly habarynda, öýjükli telefon firmalarynyň Türkiýede önüm öndürmek ugrundaky işleri dowam edýän bolsa, tehnologiýa firmalaryndan biri bolan “Casperiň” ilkinji ýerli öýjükli telefonuny satuw hödürländigini mälim edýär.

 



Degişli Habarlar