Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1591229
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezidentiň metbugat Sekretary Kalyn: Ermenistandaky agdarlyşyk synanşygyny ýazgarýarys” söz başyly habarynda, Prezidentiň mebugat Sekretary Ibrahim Kalynyň Ermenistandaky agdarlyşyk synanşygyny ýazgarýandyklaryny beýan edendigini ýazýar. Kalyn düý sosial media hasabyndan beren habarnamasynda: “Ermenistandaky agdarlyşyk synanşygyny ýazgarýarys. Agdarlyşyklar elmydama demokratiýa bökdäp, haosa sebäp boldy. Ermenistanda şertleriň gysga möhletde kadalaşmagyny tama edýäris” diýip ýazdy.

“Star” gazeti “ÝB-ne ýene-de bir gezek duýduryş berdi: “Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk edilmeli” söz başyly habarynda, Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Szižžartonyň ÝB-niň bosgunlar meselesinde Türkiýe bilen işleşmelidigini, eger şeýle bolman halatynda ÝB-niň uly howpsyzlyk meselelerine duçar boljakdygyny aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “THÝ günde ortaça 603 uçuş bilen Ýewropadaky liderligini dowam etdirýär” söz başyly habarynda, Ýewropanyň awianawigasiýa howpsyzlygy guramasynyň fewral aýynyň 18-24-i aralygyndaky uçuş gatnawy boýunça habarnamasyna görä Türk howaýollarynyň günde ortaça 603 uçuş bilen Ýewropadaky bäsdeşlerinden öňe geçendigini mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Gül eksport 19 göterim artdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň üstümizdäki ýylyň 1-nji ýanwary bilen 21-nji fewraly aralygynda eden gül eksportunyň geçen ýylyň degişli döwrüne görä 19 göterim artyp, 23,7 million dollara ýetendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Türkiýeden möhüm başlangyç! Ilkinji gezek görkezildi, ünsleri özünde jemledi” söz başyly habarynda, Prezidentiň ýanyndaky Goranyş senagaty edarasynyň taýarlan taslamasyna laýyklykda “Türk awiasiýa we kosmos senagaty” firmasy tarapyndan öndürilen “Atak” dik uçarynyň ilkinjisiniň Içeri işler baş müdirligine gowşurylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Goranyş senagatynyň edarasynyň Başlygy Ismail Demir “Atak” dik uçarlarynda edilen Faz-2 özgertmesi bilen elektroniki söweş we garşy çäreler ukybynyň ýokarlandyrylandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar