Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1590405
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan: Her bir damja ganyň hasabyny artykmajy bilen soraýarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Adalat we ösüş partiýasynyň Welaýat maslahatynda beren beýannamasynda: “Terrorizme garşy göreşde edýän başlangyçlarymyzyň oňyn netijelerini almaga başladyk. Hem terror guramasynyň hataryna goşulýanlaryň sanynda hem-de terror guramasynyň aksiýa gurama ukyby azalýar. Milletimiziň jebisligine, agzybirligine kast edýän pespällere döken her damja ganynyň hasabyny artykmajy bilen soraýarys” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “ “Mudis” Türkiýe boýunça ösüş çaklamalaryny ýokarlandyrdy” söz başyly habarynda, Halkara kredit derejelendiriş guramassy “Mudisiň” Türkiýe boýunça 2021-nji ýylda ösüş çaklamasyny 3,5 göterimden 4-e, 2022-nji ýyl üçin çaklamasyny bolsa 4 göterimden 5 göterime ýokarlandyrandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Stambul howa menzili Halkara howa menzilleri geňeşiniň yklymlandyrma-ýokary amatlykly howa menzilleriniň sanawyna goşuldy” söz başyly habarynda, Stambul howa menzili, Howa menzilleriniň Uglerod akkreditasiýasynyň çäginde Halkara howa menzilleri geňeşi tarapyndan berilen birinji derejeli uglerod zyňylymy şahadatnamasyny almaga hukuk gazanandygyny mälim edýär.

“Star” gazeti “Kleopatra plýažy Ýewropanyň iň gowy plýažlarynyň sanawynda” söz başyly habarynda, dünýä boýunça millionlarça adamyň dynç alyş desgalaryny seljerýän we garaýyşlaryny beýan edýän halakra internet sahypasynda geçirilen sowalnamada 2021-nji ýylyň iň saýlama plýažlaryna orun berilendigini, şolaryň hatarynda Türkiýeden Antalýanyň Alanýa etrabyndaky Kleopatra plýažynyň hem bardygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe rus syýahatçylaryň 2021-nji ýylda iň ýokary isleg bildirýän ýurtlarynyň hatarynda” söz başyly habarynda, rus firmasy “Ýandex.Traweliň” Russiýada 10 müňe barabar adam bilen geçiren sowalnamasynda raýatlaryň 68 göteriminiň beýleki ýurtlara çäklendirmesiz gezelenç etme şertleriniň dynç alyş meýilnamalaryna täsir ýetirjekdigini beýan eden bolsalar, esasan Türkiýä isleg bildirilýändigini mälim edýär.

 



Degişli Habarlar