Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1586858
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Prezident Erdogan Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar. Telefon söhbetdeşliginde Garabag, Liwiýa we Siriýa meseleleri ara alynyp maslahatlaşyldy. Erdogan Garabagdaky ylalaşygyň dowam etdirilmegi üçin ähli ugurlarda bilelikde tagalla edilmelidigini nygtady.

“Hürriýet” gazeti “Prezidentiň orunbasary Oktaý: Türkiýä ynanan maýadarlar gazanmaga dowam eder” söz başyly habarynda, Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýyň soňky aýlarda Türkiýä daşary ýurtlardan 15 milliard dollardan gowrak portfeliň gelendigini beýan edip:”Ykdysadyýeti we maýa goýumlaryny gönüden gyzyklandyrýan hukuky özgertmeleriň üstünde işleýäris. Türkiýä ynanan maýadarlar şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan beýläk hem gazanmaga dowam eder” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “Ýerli awtoulag zawodunyň gurluşygy dowam edýär” söz başyly habarynda, Bursa welaýatynyň Gemlik etrabynda gurluşygy dowam edýän ýerli awtoulag zawody hakynda maglumat beren Türkiýäniň awtoulag başlangyjy toparynyň boýaghananyň, energetika üpjünçiligi we binalaryň daşky diwarlarynyň infrastrukturasynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny habar berendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Türk kurýer robotlar Dubaýa ýolagçy” söz başyly habarynda, pandemiýa sebäpli ýokarlan kurýer islegi sebäpli emeli itelligent bilen oýlanyp tapylan robot kurýerleriň önümçiligine başlan merkezi Stambulda ýerleşýän “Deliwers.ai” firmasynyň Ýewropanyň ilkinji awtonom gowşuryş roboty firmasy bolandygyny mälim edýär. Habarda şol robotlaryň golaýda Dubaýyň Slikon žülgesi atlandyrylýan “Internet Siti” etrabynda nahar gowşuryş işlerinden peýdalanylmaga başlanjakdygy nygtalýar.

“Star” gazeti “NASA Salda hakynda maglumat berdi” söz başyly habarynda, NASA-nyň Marsdaky Žezero kraterinde ylmy barlag geçirjek emeli hemrasy “Perseweransy” älem giňişligine uçurmak üçin taýarlyklaryny dowam edýärkä birmeňzeş mineral düzümine we geologik gurluşe eýe bolan Türkiýäniň Burdur welaýatyndaky Salda kölünde geçirilen barlaglaryň netijesini paýlaşandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar