Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1585190
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Operasiýalaryň gerimi giňeldiler” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Yragyň Gara etrabynda ekstremist terror guramasy PKK garşy geçirilen üstünlikli operasiýany howplaryň uly bolan ýerlerine tarap giňeltjekdiklerini beýan edip: “Terrorçylary butnatmarys. Howpsyzlygyny üpjün eden ýerlerimizde näçe gerek bolsa, şonça bolarys” diýendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “PKK 1984-nji ýyldan bäri asuda ilatdan 6,021 adamy öldürdi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryn Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde eden çykyşynda Yragyň demirgazygynda pozisiýasyny goramaga synanşýan PKK garşy operaiýalaryň ýokary depginde üznüksiz dowam edýändigini aýdandygyna ünsleri çekýär. Içeri işler ministri Süleýman Soýlu bolsa 1984-nji ýylda bäri PKK-nyň asuda ilatdan 6021 adamy gyrandygyny beýan edip, şol gyrgynçylyklara reaksiýa bildirmeýänlere garşylyk görkezdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Asuda ilaty goraýan ýeke-täk halkara güýç türk esgeri” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň ýokary tiražly gazetlerinden “Nýu-Ýork Taýmsda” çap edilen makalada Türkiýäniň bäş milliona barabar ýurtlaryndan jyda düşen we goragsyz asuda ilaty goraýan ýeke-täk halkara güýçdigine üns çekilýändigini ýazýar. Makalada Siriýada hökümetiň edýän gyrgynçylygy bilen asuda ilatyň arasynda duran ýeke-täk zadyň türk goşunydygy nygtalýar.

“Star” gazeti “Eýranly bilermenler Türkiýä ünsi çekdi: Türkiýe işe girişip biler” söz başyly habarynda, Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda ýadro ylalaşyga dolanyp gelmek boýunça çykgynsyzlyk dowam edän bolsa, eýranly bilermenleriň Tähran-Waşington arasynda iň gowy töwellaçynyň Türkiýe, Katar, Russiýa we Hytaý bolup biljekdigini pikir edýändigini ýazýar. Esasanda Türkiýe we Katar ABŞ hem-de Eýran bilen gatnaşyklary gowy, şol bir wagtda-da Eýrana garşy sanksiýalara oňyn garamaýar.

“Hürriýet” gazeti “Jüneýt Çakyr: 21-mji asyryň iň gowy emin agzasyndan biri” söz başyly habarynda, Halkara futbol taryhy we hasabatlary federasiýasynyň 2001-2020-nji ýyllaryň aralygyndaky döwrüň in başarjaň emin agzalarynyň sanawyny çap edendigini ýazýar. Federasiýasynyň her ýyl emin agzalaryň ses bermeginde kesgitlenýän iň başarjaňlaryň sanawyna laýyklykda taýarlaýan sanawynda nemes Feliks Braýç 140 bal bilen birinji orny eýeledi. Jüneýt Çagyr bolsa Braýçdan soň ikinji orny, iňlis Howard Webb hem üçünji orny eýeledi



Degişli Habarlar