Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1572000
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: Iň gysga möhmetde 50 million doza sanjym ýurdumyza geler” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Prezidentiň kompleksinde geçirilen “Sosial üpjünçilik dabarasynda” sözlän sözünde “Ösen ýurtlarda sanjym ýetmezçiligi bar. Biz bolsa gysga möhletde sanjymlarymyzy aldyrmaga başladyk. Birinji tapgyrda enşalla 50 million doza sanjym ýurdumyza geler” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Koronawirusda mutasiýany wagtynda kesgitlejek taslama iş ýüzüne geçirildi” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministrligi bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan amala aşyryljak, ÝB-niň Agzalykdan ozalky kömek serişdesi tarapyndan goldanýan “Kowid-19-a garşy göreşde Milli ukybyň güýçlendirilmegi taslamasynyň” iş ýüzüne geçirilýändigini ýazýar. Gazet test möhletiniň gysgaldylmagy, “genom analizi” barlaglary bilen wirusdaky mutasiýanyň wagtynda anyklanmagyny maksat edinýän meýilnamanyň Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşde güýjüni artdyrmagyna garaşylýandygyny mälim edýär.

“Star” gazeti “Hyzmatdaşlyk platformasy üçin goňşudan Türkiýä sapar” söz başyly habarynda, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarifiň Kawkazda altytaraply hyzmatdaşlyk platformasyny döretmek isleýändiklerini we şol maksada laýyklykda sebitde ýerleşýän ýurtlara sapar guraýandygyny nygtandygyny, şol çäkde Zarifiň Türkiýe gelmegine garaşylýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Yragyň haby goşunlaryna goldaw bermek üçin Bagdada gitdiler” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrliginiň “Harby bilermenlerimiz NATO-nyň Yrak Missiýasynyň çäginde dost we doganlyk ýurt Yragyň harby goşunlaryna goldaw bermek üçin Bagdada gidendigini beýan edendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Türk howaýollar we Stambul howa menzili Ýewopada birinjiligi elden bermedi” söz başyly habarynda, Stambul howa menzili bilen Türk howaýollarynyň Ýewropanyň Gatnawlaryň howpsyzlygy guramasynyň görkezijilerine görä ýanwar aýynyň üçünji hepdesinde Ýewropada birinji orny eýeländigini mälim edendigine ünsleri çekýär. Türk howaýollary ýanwar aýynyň 18-24-i aralygynda günde ortaça 596 uçuş bilen Ýewropadaky bäsdeşlerinden öňe geçdi.



Degişli Habarlar