Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1568950
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Türkiýe Kowid-19 sanjymyny etmekde birinji onlukda” söz başyly habarynda, Türkiýäniň täze görnüş koronawirus pandemiýasynda hem hassahana üpjünçiligi hem-de sanjymlama maksatnamasy bilen dünýä görelde bolmaga dowam edýändigini ýazýar. Gazet Kowid-19 sanjymlamasynda Türkiýäniň birinji onluga degişlidigini mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Çawuşoly: Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynda oňyn çemeleşme möhüm” söz başyly habarynda, Brýusselde saparda bolan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň “Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynda oňyn çemeleşmäniň bolmagy möhüm. Onuň durnukly bolmagy üçin başlangyçlar edilmeli” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Star” gazeti “Albaniýadan Erdogana sowgat” söz başyly habarynda, Albaniýadaky hor toparynyň Prezident R.T.Erdogan üçin aýdym düzendigini mälim edýär. Habarda Ýoutubde berilen aýdymda Türkiýe we Prezident Erdoganyň Albaniýa goşant goşandy hem-de goldawy taryplanyp, Laç we Kurbin şäherlerinde gurlan ýaşaýyş jaýlary bilen Fierde guruljak hassahananyň hem görkezilýändigini okyjy köpçüçiginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Baýraktar we Anka ýakyn gelejekde Ýewropanyň asmanlarynda uçar” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warankyň esasanda soňky 5 ýylda goýulan maýa goýumlarynyň gysga möhletde Türkiýäni goranyş senagatynda ýokary liga çykarjakdygyny beýan edip: “Men Ýewropanyň asmanlarynda-da Türkiýeden satyn alynan “Baýraktarlaryň” we “Ankalaryň” uçýandygyny göreris” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “Ministr Dönmez: TANAP-dan 9,1 milliard m3 gaz akdyryldy” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmezin Türkiýe bilen Azerbaýjanyň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine ünsi çekip: “TANAP-dan 2020-nji ýylda 4,9 milliard m3, öňki ýyldaky bilen bilelikde 9,1 milliard m3 tebigy gaz akdyryldy” diýen sözlerine ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar