Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1565608
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Türkiýä ýakyn durmak üçin bir-birleri bilen bäsleşýärler” söz başyly habarynda, arap metbugatynyň Katara embargolary bes etmek hakynda karara gelen “Arap dörtlügi” Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Bahreýniň we Müsiriň Türkiýe bilen ýakyn gatnaşyk açmak üçin bir-birleri bilen bäsleşýändigini ýazýandygyny mälim edýär. Arap metbugaty Müsüriň we Birleşen Arap Emirlikleriniň ýakyn gelejekde Türkiýäniň Liwiýadaky talaplaryna we bähbitlerine ters düşýän başlangyçlara girişmejekdigini, Liwiýa syýasatynda egilşik edip biljekdiklerini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Ýerli uçarmansyz howa ulaglary görünmeýän howplary kesgitlär” söz başyly habarynda, milli tehnologik başlangyçlary bilen dünýäde ünsleri özünde jemlän Türkiýäniň ýerli uçarmansyz howa ulagyna goşulan täze ulgamyň hem üns çekjekdigini mälim edýär. Gazet himiki, bioliki, radiologik we ýadro howplaryň anyklanmagy üçin oýlanyp tapylan barlag ulgamynyň uçarmansyz howa ulagyna integrirlenendigini, ulgamyň agyr operasiýa şertlerinde barlag geçirip, şol bir wagtda berýän ölçeg maglumatlary bilen howpyň göwrümini ýüze çykarjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Ruslar türk gyzylbalygyny halady” söz başyly habarynda, geçen ýyl Gündogar Gara deňizdeden Russiýa 10,7 müň tonna Gara deňiz gyzylbalygynyň eksport edilip, 49,9 million dollar girdeji alynandygyny ýazýar. sebitden öňki ýyl Russiýa 3,6 müň tonna Gara deňiz gyzylbalygynyň eksportundan 20,7 million dollar girdeji alynypdy.

“Ýeni Şafak” gazeti “Bangladeşliler BİP-i saýlap aldy” söz başyly habarynda, aragatnaşyk ulgamy “WhatsAppyň” “täze şertnama” mejburlygyndan soň ýerli ulgam BİP-e bolan ýokary islegiň serhet aşandygyny ýazýar. Türkiýänin aragatnaşyk we durmuş platfyrmasy BİP bangladeşli ulanyjylar tarapyndan iň bir isleg bildirilen ulgam boldy.

“Haber Türk” gazeti “Mesut Özil Stambulda” söz başyly habarynda, Britaniýanyň Arsenal sport klubyndan aýrylan dünýä meşhur futbolçy Mesut Öziliň Fenerbahçe bilen ylalaşandygyny we Stambula gelendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar