Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1564166
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Prezident Erdogan koronawirus sanjymyny etdirdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ankaranyň Şäher keselhanasynda täze görnüş koronawirus sanjymyny etdirendigini ýazýar. Gazet Erdoganyň sanjym etdirenden soň beren beýannamasynda: “Üstünlikli dowam edýän sanjymlama maksatnamamyza laýyklykda häzirki wagta çenli 254,000 saglygy goraýyş işgärine birinji doza sanjym edildi. Men hem olara goşulyp, sanjymlandym. Enşalla gysga möhletde ähi raýatlarymyzy sanjymlamagy göz öňünde tutýarys” diýen sözlerini çap edýär. Prezident Erdogan syýasatçylary sanjym etdirmäge çagyrdy.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ukrainanyň Daşary işler ministri Kuleba: Türkiýäniň goldawy bolmasa mümkin däldi” söz başyly habarynda, Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kulebanyň Liwiýada saklanan ukrainaly deňizçileriň ýurtlaryň dolanyp barmagy bilen bagly: “Şuny anyk aýdasym gelýär, türk hyzmatdaşlarymyzyň goldawy bolmadyk bolsady, operasiýa netijeli bolmazdy” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “Waşington Taýms-dan ögüli analiz! Türk ÝUHU-lary çygyr açýar…” söz başyly habarynda, Amerikanyň “Waşington Taýms” gazetiniň türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň gazanan üstünlikligi hakynda üns çekiji makala çap edendigini ýazýar. Makalada Azerbaýjanyň Ermenistana garşy gazanan Daglyk Garabag ýeňişinde esasy rol oýnan “Baýraktar TB2-niň” tehnologik üstünligine üns çekilip, türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň global derejede ähli söweşleriň netijesini özgertjek güýje eýedigi beýan edilýär.

“Hürriýet” gazeti “Stambul howa menzili “Dünýäniň iň gowy howa menzilleri” sowalnamasyna dalaşgärlige hödürlendi” söz başyly habarynda, Stambul howa menziliniň “Trawel and Leisure” žurnaly tarapyndan geçirilýän “Dünýäniň in gowy 10 halkara howa menzili” sowalnamasynda halkara howa menzilleri bilen bäsleşýändigini mälim edýär. Gazet okyjylaryň ses berýän sowalnamasynagatnaşmak üçin "https://wba.m-rr.com/home" saýtyna girip, degişli bellikleriň edilmelidigini ýazýar.

“Star” gazeti “THÝ Ýewropada iň ýokarda” söz başyly habarynda, Ýewropanyň howa gatnawy howpsyzlygy guramasynyň çap eden görkezijilerine görä Türkiýäniň howaýollary kompaniýasy Türk howaýollarynyň 13-nji ýanwarda 543 uçuş bilen Ýewropanyň iň köp sapar guran kompaniýasy bolandygyna ünsleri çekýär.

 



Degişli Habarlar