Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1563422
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Prezident beýan etdi: “Ýerlisini we millisini dörederis” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Türkiýäniň ýerli we milli infrastrukturasynyň güýjüni arzuw edilýän derejelere göterjekdiklerini beýan edendigini ýazýar. Gazet Erdoganyň düýn Prezidentiň kompleksinde Radio-telewideniýe žurnalistleri jemgyýetiniň 2019-njy ýylyň Media orkarlary baýraklarynyň gowşurlyş darabasynda araganatşyk ulgamlary hakynda “Enşalla ýerlisini, millisini bizem dörederis” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri Yslamabatda duşuşdy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň Pakistanyň paýtagty Yslamabatda geçirilen Türkiýe-Azerbaýjan-Pakistan Daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn maslahatyndan soň guralan bilelikdäki metbugat ýygnagynda çykyş edip: “Howpsyzlygy, durnuklylygy we abadançylygy güýçlendirmek üçin möhüm başlangyçlar etmäge karar berdik” diýendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Putin Prezident Erdogana Garabag meselesi boýunça telefon etdi” söz başyly habarynda, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň duşenbe güni Moskwada Daglyk Garabag meselesinde Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen geçiren üçtaraplaýyn duşuşygy hakynda Prezident Erdogana maglumat berendigini mälim edýär. Liderler telefon söhbetdeşliginde Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynyň hasam ösdürilmegi hakynda pikir alyşyp, Daglyk Garabag meselesindäki wakalar bilen ylalaşyga gözegçilik etmek we Türk-Rus bilelikdäki merkezi boýunça gepleşik geçirdiler.

“Star” gazeti “İlkinji “CoronaVac” sanjymyny Saglygy goraýyş ministri Koja etdirdi” söz başyly habarynda, gyssagly ulanylmagyna rugsat berilmeginden soň ilkinji “CoronaVac” sanjymynyň paýtagt Ankaranyň Şäher keselhanasynda Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň etdirendigini, ministr Kojanyň hemmeleri sanjym etdirmäge çagyrandygyny ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Warank: Noýabr aýynda senagat önümçiligini ýokarlandyran esasy ýurtlardan biri bolduk” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warankyň düýn beren beýannamasynda, Türkiýäniň noýabr aýynda senagat önümçiligini ýokarlandyran esasy ýurtlardan biri bolandygyny nygtap: “Başdan geçirilen ähli kynçylyklara garamazdan senagat önümçiligimiz ýyllyk 11 göterim, aýlyk mukdarda bolsa 1,3 göterim ýokarlap, çaklamalardan ýokarda boldy. Biz şol depgini 2021-nji ýylda hem dowam etdirmek isleýäris” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar