Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1561885
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Sanjym penşenbe ýa-da anna güni başlar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň koronawirus sanjymyny oýlap tapmak we öndürmek boýunça dünýäde alynyp barylýan işler bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny beýan edendigini ýazýar. Gazet Ermenistanyň Hytaýda öndürilen sanjymy ýurda getirendiklerini, nemes sanjymy üçin şertnama baglaşylandygyny, rus sanjymy bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny nygtap, Kowid-19 sanjymynyň kesgitlenen tertipde penşenbe ýa-da anna güni edilmäge başlanjakdygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Gresiýa bilen gepleşikleriň wagty kesgitlendi” söz başyly habarynda, Daşary işler minisrtrliginiň Gresiýa bilen deslapky gepleşikleriň 61-nji tapgyrynyň 25-nji ýanwarda Stambulda geçiriljekdigini habar berendigini mälim edýär. Gazet Türkiýe bilen Gresiýanyň Egeý deňizi bilen bagly meselelerine iki tarapyň hem kabul etmegi nazarda tutulýan adalatly, durnukly we giň gerimli çözgüt tapmak üçin şert döretmek maksady bilen deslapky gepleşiklere 2002-nji ýylyň 12-nji martynda Ankara başlandygyny, gepleşikleriň soňky 60-njy tapgyrynyň 2016-njy ýylyň 1-nji martynda Afynyda geçirilendigini we soň bolsa grek hökümeti tarapyndan bes edilendigini ýatladýar.

“Star” gazeti “Russiýa, Azerbaýjan we Ermenistan bilelikde jarnama çap etdi” söz başyly habarynda, Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň arasynda Daglyk Garabagda Ermenistanyň basyp alan döwründe ýapylan ykdysady we ulag aragatnaşyklaryny dikeltmek hakynda bilelikdäki jarnama gol çekişilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýe” gazeti “Daşary ýurtlular üçin iň amatly ýer Stambul” söz başyly habarynda, daşary ýurtlulara gozgalmasyz emläk satuw firmasy “Newitanyň” ýerli we halkara derejede maýa goýum aýratynlygy bilen öňe saýlanýan şäherleriň sanawyny taýarlandygyny, Ýewropadaky metropollaryň arasynda iň özüne çekiji şäheriň, maýadarlary henizem özüne çekmäge dowam edýän Stambul bolandygyny mälim edýär. Daşary ýurtlular Stambulda 2019-njy ýylda 20,857, koronawirus epidemiýasyna garamazdan geçen ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynyň aralygynda bolsa 16,867 ýaşaýyş jaýyny aldy.

“Sabah” gazeti “İşewür dünýäsi Türkiýäniň ykdysadyýetinde umytly” söz başyly habarynda, türk işewüri Hajy Sabanjynyň Türkiýniň Kowid-19 pandemiýa döwrüni iňňän başarjaň gönükdirendigini, beýleki ýurtlara garalanda onuň has açyk görülýändigini nygtap: “Saglyk üpjünçiligi, hassahanalarymyz, lukmanlarymyz şeýle güýçli. Biziň şertlerimiz başga ýurtlardan has gowy. Golaýda-da sanjymlama başlaýar. Biz ykdysady taýdan güýçli potensialy bolan ýurtlardan biri” diýen sözlerini çap edýar.



Degişli Habarlar