Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1558375
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Ýerli sanjym buşlugy” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň ýerli sanjym boýunça işleriň dowam edýändigini, 3 sany işjeň däl sanjym taýarlyklarynda adamlarda synag tapgyryna gelinendigini, degişli guramalaryň sanjymlaryň gysga möhletde ulanylmagy üçin arman-ýadaman işleýändigini nygtap: “Ýurdumyzyň ylmy we tehniki binýadynyň, alymlarymyzyň gaýduwsyzlygynyň bize iň gowy sanjymlary öndürmäge ukyplydygyna ynanýaryn” diýendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Ministr Akar: Gresiýa bilen dialogyň tarapynda durýarys” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizindäki syýasatynyň açyk we kesgitlidigini beýan edip: “Biz halkara hukuga sarpa goýýarys. Halkara hukuk kadalarynyň, özara ylalaşyklaryň iş ýüzüe geçirilmegini isleýäris. Bu meselede gowy goňşuçylyk gatnaşyklaryna aýratyn uly ähmiýet berýäris” diýen sözlerini çap edýar.

“Star” gazeti “Ganatly deňiz raketasy “Atmaja” ulanmaga taýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji ganatly deňiz raketasy “Atmajanyň” ähli synaglardan geçip, ulanmaga taýar edilendigini ýazýar. Gazet dünýädäki birmeňzeş raketalarda has ýokary özboluşlyklara eýe bolan “Atmajanyň” ilkinji gezek 2019-njy ýylda 14-nji Halkara gyranyş senagaty sergisinde tanyşdyrlandygyny mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Howpsyzlygyň kepillendirijisi türk esgeri 1 ýyldan bäri Liwiýada” söz başyly habarynda, Liwiýanyň BMG tarapyndan ykrar edilen kanuuny hökümeti bilen 2019-njy ýylyň 27-nji noýabrynda gol çekişilen “Deňiz ygtyýar giňişlikleri we Harby tälim, hyzmatdaşlyk hem-de geňeşdarlyk etmek hakynda ylalaşklyň” geçen ýylyň 2-nji ýanwarynda Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde kabul edilmeginden soň 8-nji ýanwarda ilkinji türk harby toparlarynyň Liwiýa barandygyny, Liwiýa baran gününden başlap şertleri özgerden türk esgerleriniň geçen bir ýylyň dowamynda howpsyzlygyň kepillendirijisi bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Bütindünýä banky Türkiýäniň ösüş çaklamasyny ýokarlandyrdy” söz başyly habarynda, Bütindünýä bankynyň Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 2020-nji ýylda 0,5 göterim ösüş etjekdigini beýan edipdi. Habarnamada Türkiýe boýunça ösüş çaklamasynyň 2021-nji ýyl üçin 4,5 we 2022-nji ýyl üçin 5 göterim hökmüde beýan edildi. Bank ozalky çaklamasynda Türkiýäniň 2020-nji ýylda ykdysady taýdan 3,8 göterim pese gaçjakdygyny, 2021-nji ýylda bolsa 5 göterim ösüş etjekdigini beýan edipdi.



Degişli Habarlar