Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1556804
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Erdogan 2021-nji ýylyň ugruny özgerder” söz başyly habarynda, Britaniýada çap edilýän “The Guardian” gazetiniň Prezident R.T.Erdogany dünýäde 2021-nji ýylyň ugruny kesgitlejek” 12 liderden biri hökmünde saýlandygyny mälim edýär. Gazet Liwiýa we Kawkaza aýratyn üns çekilýän analiz makalada “Türkiýe; Liwiýada, Balkan sebitinde we Kawkazda has işjeň bolar” diýilýändigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Ministr Soýlu: Terror guramasyna 2020-nji ýylda 52 adam goşuldy” söz başyly habarynda, İçeri işler ministri Süleýman Soýlunyň 2020-nji ýylda terror guramasy PKK goşulanlaryň sanynyň, guramanyň terror aksiýalaryna başlan ýyly bolan 1984-nji ýyldan bäri iň aşak çäge, 52 adama düşendigini aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “Dünýä “Der Şpigeliň” Ugur Şahin-Özlem Türeji söz başysyny diskussiýa edýär” söz başyly habarynda, Germaniýanyň esasy media organlaryndan “Der Şpigel” žurnalynyň ýylyň birinji sanynda Kowid-19-a garşy sanjym oýlap tapan “BioNTejh” firmasynyň esaslandyryjysy Ugur Şahin bilen aýaly Özlem Türejini birinji sahypadan berendigini mälim edýär. Gazet dünýäde diskussiýa edilýän söz başa Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň hem ünssiz galmandygyny, söz başyny iňlis dilindäki hasabyndan paýlaşan ministrligiň “Şeýle agyr günlerde iki türk alymynyň uly jogapkärçilik almagy we bütin adamzat üçin aýratyn pozisiýa eýelemegi bizi buýsandyrýar” diýilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “THÝ epidemiýa garamazdan kargoda ýokardan uçdy” söz başyly habarynda, Türk howaýollarynyň Dolandyryjylar we ýerine ýetirijiler geňeşiniň Başlygy İlker Aýjynyň koronawirus epidemiýasyna garamazdan halkara ýük gatnawynda bazardaky paýlaryny artdyrandyklaryny nygtap: “2020-nji ýylyň başynda ýük uçarlary bilen 88 nokada uçan bolsak, häzirki wagtda 96 nokada uçuş edýäris” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeniş Şafak” gazeti “Türkiýäniň iň uly harby gämisi “ASELSAN” bilen güýçlener” söz başyly habarynda, “ASELSAN” tarapyndan “TJG Anadoly” üçin öndürilen “PİRİ” Ultra mämişi gözleg we yzarlaýyş ulgamynyň kabul ediş synaglaryny tamamlandygyny ýazýar. Gazet dünýäde ikitaraplaýyn işleýän ilkinji ultra mämişi gözleg we yzarlaýyş ulgamy bolan “PİRİ-KATS” ulgmynyň “TJG Anadolynyň” portda ýa-da saparda mahaly howplary kesgitlemegi üçin iňňän möhümdigini mälim edýär.



Degişli Habarlar