Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1534622
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Erdoganyň ýerli sanjym hakyndaky beýannamasy” söz başyly habarynda, düýn Adalat we ösüş partiýasynyň Mejlisdäki toparynyň maslahatynda çykyş eden Prezident R.T.Erdoganyň ýerli sanjym boýunça alynyp barulýan işler hakda buşlukly habary berendigini mälim edýär. Gazet Erdoganyň koronawirusa garşy alynyp barylýan göreş hakda: “Öz sanjymymyz boýunça uly üstünlik gazandyk. Giç galsak aprel aýynda öz taýarlan sanjymymyzy etdirmäge başlamagy meýilleşdirýäris” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “Milli howpsyzlyk geňeşinden beýannama: Irini operasiýasyna garşy çäre görüler” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylygynda düýn paýtagt Ankarada geçirilen Milli howpsyzlyk geňeşiniň mejlisinden soň jarnama çap edilendigini ýazýar. Habarda Milli howpsyzlyk geňeşiniň jarnamasynda: “Irini operasiýasynyň çäginde edilen bir taraply, halkara hukuga we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna bap gelmeýän soňky çemeleşme berk ýazgaryldy. Adybir çemeleşmäge garşy ähli ugurda degişli çäreler görüler” diýilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Ministr Koja: Ilkinji ýerli sanjymymyz ulanmaga taýar” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň düýn beren beýannamasynda: “Halkara ülňülere laýyk gelýän ilkinji ýerli sanjymymyz ulanmaga taýar. Ulular üçin tetenoz-difteriýa sanjymynyň ähli öndürliş tapgyrlary dolulygyna ýerli şertlerde tamamlandy” diýen sözlerine üns çekilýär.

“Sabah” gazeti “Ministr Warank beýan etdi: Türkiýe birinji 5-likde” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warankyň düýn beren beýannamasynda Türkiýäniň ýel turbinasy enjamlaryny öndürýän uly göwrümli desgalary bilen Ýewropada birinji 5-likde orun eýeleýändigini aýdandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Karamanda tolkundyryjy açyş” söz başyly habarynda, Karaman welaýatynyň Ermenek etrabynda üç ýerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işlerinde onlarça gaýa mazarynyň, Rim döwründen galan suw howdanynyň we gala diwarynyň tapylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

 



Degişli Habarlar