Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1533948
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýe” gazeti “Erdogan Putin bilen Garabag hakynda pikir alyşdy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, Daglyk Garabag, Siriýa we Liwiýa meseleleri hakynda pikir alyşandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe bikanun barlaga söweş meýdanynda jogap berer” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň Gündogar Ortaýer deňizinde türk söwda gämisiniň halkara hukuga bap gelmeýän häsýetde durzulyp, barlanmagyna reaksiýa bildirip: “Söwda gämilerine garakçy ýaly çykmak hukuga äsgermeçilik etmekdik. Biz onuň jogabyny bereris, hukuky we syýasy taýdan hem gyzyklanarys. Näme edilmeli bolsa ediler. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy şeýle” diýen sözlerini çap edýär.

“Watan” gazeti “Azerbaýjanyň goşunlary 27 ýyldan bäri basybalyşykda bolan Kelbejere bardy” söz başyly habarynda, Azerbaýjanyň goşunlarynyň 27 ýyldan bäri basybalyşlykda bolan Kelbejere barandygyny ýazýar. Gazet bu barasynda Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň beýannama berendigini mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Azerbaýjanyň goşunlaryndan bütin dünýä adamkärçilik sapagy” söz başyly habarynda, Azerbaýjan esgerleriniň basylyp alynan ýerlerde bikanun ýerleşdirilen ermeni ilata sebitden çykmagy üçin kömek berendigini, azerbaýjanly serkerdäniň ermeni ilata “Siz isleýän bolsaňyz bärde Azerbaýjanyň raýaty hökmünde ýaşap bilersiňiz. İsleseňiz gidiň. Hiç kim size erbet daramaz. Size ozalam kömek edipdik. Sizi hormat bilen ugradypdyk” diýilýän wideo ýazygynyň sosial mediada uly seslenme döredendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “ABŞ-da türk delegat” söz başyly habarynda, ABŞ-da täze prezidenti saýlajak 538 delegadyň hatarynda bir sany türküň hem bardygyna ünsleri çekýär. Habarda Türkiýe-ABŞ gatnaşyklary hakynda beýannama beren türk delegady Derýa Taşkynyň “Jo Baýden iş başyna gelenden soň iki ýurduň gatnaşyklarynyň kadalaşjakdygyny pikir edýärin. Sebäbi iki ýurt hem NATO-nyň güýçli ýarany. Türkiýe güýçli ýurt, NATO-nyň ýarany. Kim gelende-de şony ünsden düşürip bilmez” diýen sözlerini çap edýar.



Degişli Habarlar