Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1531299
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan çürt-kesik beýan etdi: “Türkiýäni täze beýgeliş tapgyryna goşýarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Stambuldaky Wahdettin köşkünde Türkiýäniň Eksportçylar Mejlisiniň wekiliýeti bilen geçiren duşuşygynda sözlän sözünde: “Ykdysdy we syýasy deňagramlyklarda uly özgerlişikler başdan geçirilýär. Demokratiýamyzy güýçlendirip, maýa goýumlary artdyrarys. Türkiýäni täze bir beýgeliş tapgyryna goşarys. Ony bolsa ýurdumyzdaky her bir gatlagyň wekilleri bilen, iň başda-da işewür dünýämiz bilen ýakyn dialog, hyzmatdaşlyk we utgaşyklyk arkaly amala aşyrarys” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýe” gazeti “Daşary işler ministrligi Pompeo berk reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň döwlet Sekretary Maýk Pompeonyň Ysraýyl tarapyndan basylyp alynan Palestina degişli ýerlere guran masgaraçalykly sapara Daşary işler ministrliginiň berk reaksiýa bildirendigini mälim edýär. Gazet ministrlikden berilen beýannamada: “Pompeonyň Günbatar Şeria guran saparynyň aňyrsynda Ysraýylyň basyp alan Palestina degişli ýerlerindäki bikanun işleri kanunylaşdyrma maksady bar” diýilýändigine üns çekilýär.

“Watan” gazeti “Türkiýäniň Liwiýa hakynda beýannamasy” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň Liwiýada parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin Halif Haftara goýulan ähli daşarky goldawyň dessine bes edilmeginiň möhümdigini aýdandygyny mälim edýär. Habarda ministr Akaryň: “Haftara degişli güýçler we daşary ýurtly hakynatutma esgerler howpsyzlyk, durnuklylyk we diplomatik tagallalar üçin uly howp emele getirýär. Ähli taraplaryň beýan edişi ýaly bu meseläniň harby çözgüdi ýok” diýen sözlerine orun berilýär.

“Haber Türk” gazeti “Prof.Dr. Ugur Şahiniň täze beýannamasy” söz başyly habarynda, nemes biotehnologiýa firmasy “BioNtechiň” Amerikanyn “Pfizer” firmasy bilen bilelikde öndüren koronawirus garşy 95 göterim netije beren sanjymynyň haçan paýlanmaga başlanjakdygy hakyndaky soraga Prof.Dr. Ugur Şahiniň jogap berendigini we “İşler bökdençsiz dowam eden halatynda dekabr aýynyň ikinji ýarymyndda tassyknama alyp, täze ýyldan öň paýlamaga başlarys. Emma ol işler bökdençsiz dowam eden halatynda mümkin” diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Hytaýyň tehnologiýa firmasy Türkiýede maýa goýar” söz başyly habarynda, Hytaýyň tehnologiýa firmasynyň Türkiýede uzak möhletli maýa goýmak üçin taýarlyk görýändigini mälim edýär. Habarda “H3C-iň” başlygynyň orunbasary Gari Huangyň “Türkiýe bilen uzak möhletli maýa goýum üçin taýarlyk görýäris. Digital özgerlişigi bilelikde amala aşyrmagy maksat edinýäris” diýen sözlerine üns çekilýär.



Degişli Habarlar