Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly hanbarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1530448
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Prezident Erdogan: Gizlin ýa-da açyk, ähli embargolary öz güji bilen ýeňip geçýän ýurtlardan birine öwrüldik” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň “Asensanyň Täze Ulgamlaryň Tanyşdyrlyş we Desga Açylyş” çäresinde sözlän sözünde, Türkiýäniň global üpjün edijileriň döredýän ähli bökdençliklerine, goýan gizlin ýa-da açyk embargolaryny öz güji bilen ýeňip geçýän ýurtlardan birine öwrülendigini beýan edip: “Dünýäniň goranyş senagatynda ilkinji 100 firmanyň sanawynda 7 firmamyz bar. Soňky 5 ýylyň dowamynda şol sanawa 5 firmamyz goşuldy” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň sanjym hakyndaky beýannamasy” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň Prof.Dr. Ugur Şahin bilen Dr.Özlem Türejiniň ýolbaşçylyk edýän biotehnologiýa firmasy “BioNtechiň” Amerikanyň “Pfizer” firmasy bilen bilelikde oýlap tapan Kowid-19 sanjymynyň şahadatnamasynyň dekabr aýynda beriljekdigini aýdandygyny, ýerli koronawirus sanjymynyň bolsa aprel aýynda ulanylmaga başlanjakdygyny mälim edendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Ministr Warankyň ýerli awtoulag hakyndaky  beýanaty” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warankyň ýerli awtoulagda dünýäde bäsleşmäge mynasyp möhüm taslamany iş ýüzüne geçirendiklerini belläp: “Bu ulaglar 2022-nji ýylyň ahyrynda ulanmaga berilende ýerlilik mukdary 51 göterim bolar. 2026-njy ýylda ýerlilik mukdary 68 göterime ýeter” diýen sözlerine üns çekilýär.

“Sabah” gazeti “Arap dünýäsinde iň gowy görülýän ýurt Türkiýe” söz başyly habarynda, Ýakyn Gündogarda Türkiýäniň abraýynyň günsaýyn beýgelýändiginiň Amerikan firmasynyň geçiren barlagy bilen delillendirilendigini, merkezi ABŞ-da ýerleşýän ylmy-barlag guramasy “Arab Centeriň” 13 arap ýurdunda geçiren sowalnamasynyň arap halk köpçüliginde daşary syýasaty iň halanýan ýurduň Türkiýedigini ýüze çykarandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Stambul howa menziline “Digitallaşmada Ýewropanyň in başarjaňy baýragy” söz başyly habarynda, Stambul howa menziliniň Halkara howa menzilleri geňeşi tarapyndan geçirilen bäsleşikde “Digitallaşmada Ýewropanyň iň öňdebaryjy howa menzili baýragyna” laýyk görülendigini mälim edýär.



Degişli Habarlar