Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň ve dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1517905
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Ýekeje söz bilen Respublika” söz başyly habarynda, bütin Türkiýäniň ýüreginiň şu gün Respublika üçin urjakdygyny ýazýar. Gazet ähli öýlerde baýramçylyk şovhunynyň başdan geçiriljekdigini, raýatlaryň öýleriniň balkonlaryndan aý-ýyldyzly baýdaklar bilen dabaralara goşuljakdygyny, agşam bolsa bir agyzdan Garaşsyzlyk senasyny ýerine ýetirjekdiklerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Respublikamyza bar güýjümiz bilen eýe çykarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Türkiýe Respublikasynyň 97 ýyllygy mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde: “Territoriýamyzy böleklere bölüp, dargatmak islänleriň oýunlaryny bozupdyk. Respublikamyzyň esaslandyryjy ygtyýary bu vatany bütin dünýäniň oýunyny bozup, nähili halas eden bolsa, biz hem maksatlarymyza şeýle ýeteris. Respublikamyza bar güýjümiz bilen eýe çykyp, güýçli gelejek gurarys” diýendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Respublikamyzyň 97-nji ýyly gutly bolsun!” söz başyly habarynda, Respublika baýragymynyň şu ýyl tapavutly duýgular bilen bellenilip geçilýändigini, koronavirus pandemiýasy sebäpli dovam edýän fiziki aralykly jemgyýetçilik durmuşy baýramçylyk çärelerine täsirini ýetirýän hem bolsa, maskalaryň aşagyndaky ýüzleriň şatlyk bilen ýylgyrýandygyny mälim edýär. Gazet Atatürkiň amanat edilmegini islän lukmanlarynyň koronavirusa garşy göreşi dovam etdirýändigini, dost ve doganlyk Azerbaýjanyň Ermenistanyň hüjümlerine garşy operasiýalaryna Türkiýäniň ýakyndan goldav berýändigini, bularyň bolsa gynançly ve şatlykly günlerde arkalaşmagyň möhümdigini ýatladýandygyny ýazýar.

“Vatan” gazeti “Respublika 97 ýaşynda” söz başyly habarynda, “Ortaýer deňiziniň Türkiýe üçin eýe bolan ähmiýetine ünsleriçekmek ve sebitiň halkara derejesinde tanyşdyrylmagyna goşant goşmak üçin Respublikanyň 97-nji ýylyna bagyşlanyp Ortaýer deňizinde 9 ýerde, 7 şäherde 97 çümüji bilen suvasty çäreleri geçiriler. Taslamanyň çäginde ilki bilen Kekovada Respublika konserti bilen şol bir vagtda çümüjilik çykyşlary ve yşyk şoulary görkeziler. 29-njy oktýabrdaky Respublika konserti ve suvasty çykyşlary teleýaýlymlar bilen Prezidentiniň Divanynyň ve Kommunikasiýalar edarasynyň sosial media hasaplaryndan göni ýaýlyma beriler” diýip ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “29-njy oktýabr şovhuny” söz başyly habarynda, “Milli bilim ministrligi Respublikanyň 97-nji ýaşyny okuvçylar bilen bilelikde Türkiýe radio-televideniýe guramasynyň ekranlarynda gutlar. 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli TRT bilen Respublikanyň hem taryhyny hem-de geljegini şöhlelendirjek ýaýlymlar taýarlandy. Milli bilim ministri Ziýa Selçuk hem çagalara “Eger her öý bir mekdep, her otag bir synp bolan bolsa… Eger şeýle bolsa, her penjirede bir baýdak pasyrdasyn, baýram başlasyn” diýip çagyryş etdi” diýip ýazýar.



Degişli Habarlar