Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1517383
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Akşam” gazeti “Putine Garabag telefony” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, Siriýa, Liwiýa we Daglyk Garabag meseleleri boýunça pikir alyşandygyny ýazýar.

“Takwim” gazeti “Fransuz harytlaryny boýkot etmek üçin koda serediler” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň yslama garşy durýan Fransiýanyň harytlaryny boýkot etmek boýunça beren çagyryşyna halkyň uly goldaw berendigini ýazýar. Gazet hünärmenleriň bolsa barkot belgisi 30-37 bolan harytlaryň fransuz önümidigini beýan edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Milliýet” gazeti “Dünýä DKTR-ny ykrar etmeli” söz başyly habarynda, saýlanandan soň ilkinji saparyny Türkiýä eden Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tataryň dünýäniň DKTR-ny ykrar etmelidigini aýdandygyna ünsleri çekýär. Habarda Prezident Tataryň: “Eger Türkiýe iki deň derejeli döwlet hakynda pikir alyşalyň diýýän bolsa”, ol meniň üçinem ýerlikli karar. Täze tapgyrda greklere ýer bermek gün tertibinde ýok” diýendigi nygtalýar.

“Hürriýet” gazeti “Albaýragyň möhüm ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň “Amazon” we “Apple” ýaly dünýä markalaryna Türkiýede bar bolan şertler we mümkinçilikler hakynda maglumat berendigine ünsleri çekýär. Gazet ministr Albaýragyň türk ykdysadyýetiniň täze bir öwrülşik nokadyna gelendigini, maýa goýum tolkunynyň alamatlarynyň görülmäge başlanandygyny, halkara firmalarynyň harytlaryny Türkiýäniň ýerleşýän sebitine ugrukdyrmaga başlandygyny aýdandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “97-nji ýyla ajaýyp dabara”söz başyly habarynda, Respublika baýramynyň 97-nji ýylynda 83 millionyň ýek-ýumruk boljakdygyny mälim edýär. Habarda geçirilýän çäreleriň çäginde Prezident R.T.Erdoganyn Atatürkiň aramgähini zyýarat edip, Prezidentiň kompleksinde gutlaglary kabul etjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar