Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1513056
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan zulum çekýänleri goldamaga dowam ederis” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Türkiýäniň zulum çekeniň, ejiziň, hakyň, adalatyň ýanynda dim-dik durmakdan egilşik etmejekdiklerini adandygyny ýazýar. Gazet Balkan ýarym adasyndan Kawkaza, Aziýadan Afrika çenli ähli sebitlerinde gözüni, kalbyny Türkiýä ýöneldenleri goldaýandyklaryny, onuň şeýle bolmagynda galjakdygyny nygtan Erdoganyň; “Liwiýada huntaçynyň ýurdy bölmegine ýol bermedik, bermerisem. Azerbaýjanyň basylyp alynan ýerlerini halas etmek ugrundaky göreşine kalbymyz we mümkinçiliklerimiz bilen goldaw berdik, bereris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Türkiýe bilen arkalaşygy dowam etdirjekdiklerini beýan etdi” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň täze Prezidenti Ersin Tataryň iş möhletinde Türkiýe bilen maslahatly işleşjekdiklerini nygtap: “Kipriň türk halkynyň bähbitlerini goramak üçin Türkiýe bilen bolan gatnaşyklarymyz dowam eder. Türkiýäniň hemaýatkärligi dowam eder. DKTR-sy ýok bolmaz. Demirgazykda bir döwlet elmydama bolar. Halkymyzyň hukuklaryny we bahbitlerini goramak üçin grek tarapy bilen diňe şol çäkde dialog tapgyry başlar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Türkiýeden ýetmezçilik çekýän ýurtlara uly kömek” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Siriýanyň başda durmagynda ýetmezçilik çekýän ýurtlara 110 müň tonna un we galla kömegini berjekdigini mälim edýär. Habarda Resmi gazetde çap edilen karara laýyklykda isleg bildirýän ýurtlara 10 müň tonna çenli gök merjimek we nohut beriljekdigi mälim edilýär.

“Sabah” gazeti “Ýerli awtoulagyň batareýasy Türkiýeden” söz başyly habarynda, ýerli awtoulagyň öndürüjisi TOGG-yň gibrid ulaglarda ulanylýan batareýa tehnologiýasy üçin uly şertnama gol çekişendigini ýazýar. Gazet TOGG-dan berilen beýannamada “Dünýäniň öndebaryjy “Li-Ion” batareýa öndürijilerinden “Farasis” firmasy bilen gol çekişen ylalaşygymyza laýyklykda batareýa modulyny Türkiýede öndüreris" diýilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Hytaýlylaryň Türkiýä bolan gyzyklanmasy” söz başyly habarynda, Türkiýeden ýaşaýyş jaýyny satyn alýan daşary ýurtlularyň hatarynda soňky 9 aýda hytaýlylaryň birinji orny eýeläp, rekord goýandyklaryny mälim edýär. Habarda hytaýlylaryň ýaşaýyş jaýyny esasan Stambuldan alýandyklaryny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar