Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1512320
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe Wiýetnama we Kamboçiýa duýgudaşlyk bildirdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Wiýetnamda we Kamboçiýada gelen tupanda çeken adam pidalary sebäpli adybir ýurtlaryň halkaryna duýgudaşlyk bildirendigini ýazýar. Gazet Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada: “Wiýetnamda we Kamboçiýada Linfa hem-de Nangka tupanlary sebäpli gelen sil we ýer süýşmelerinde köp sanly adamlarynyň hem-de ykdysady ýitgileriň çekilendigini gynanç bilen eşitdik. Tebigy apatdan pida bolanlaryň hossarlaryna we dost ýurtlar Wiýetnamyň hem-de Kamboçiýanyň halklary bilen hökümetlerine duýgudaşlyk bildirip, ýaralananlara şypa dileýäris” diýilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Sakarýa giňişliginde gaz öndürmek üçin 40 guýy gazylar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Gara deňizde ilki 320, soň bolsa 85 milliard m3 tebigy gaz tapandygy, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň Sakarýa gaz giňişliginde tapylan tebigy gazyň öndürilmegi üçin 40-a barabar guýy gazyljakdygyny beýan edip, 2023-nji ýylda tebigy gazyň ulanmaga berilmegi üçin iş alyp barýandyklaryny aýdandygyny ýazýar.

“Watan” gazeti “Türkiýe 2020-nji ýyly iň az ýitgi bilen geçirjek 3 ýurtdan biri” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň pandemiýada zyýan çekmedik pudagyň ýa-da ýurduň ýokdugyny beýan edip, “Ykdysady ösüş we hyzmatdaşlyk guramasynyň” 16-njy oktýabrda çap eden habarnamasynda gurama agza ýurtlaryň hatarynda 2020-nji ýyly Hytaý we Koreýa Respublikasyndan soň iň az ýitgi bilen geçirjek ýurduň Türkiýedigi beýan edildi” diýen sözlerine üns çekilýär.

“Star” gazeti “Gündogar Ortaýer deňizinde Türkiýäniň pozisiýasy güýçlener” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda Ersin Tataryň prezidentlige saýlanmagy bilen täze döwrüň başlandygyny beýan edýän hünärmenleriň, 46 ýyldan bäri ýapyk duran Maraşyň açylmagy bilen milli girdejiniň iki esse ýokarlajakdygyny, Kipr türkleriniň grekler tarapyndan ýok hasap edilýän hukuklarynyň goraljakdygyny we Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizinde pozisiýasyny güýçlenjekdigini mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Birža Stambulda 8 aýyň iň ýokary çägi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň tebigy gaz ätiýajyny tapmagyndan soň düýn ýokarlaýyş depginini dowam etdiren BİST-100 indeksiniň 1,209,47 bal bilen ýylyň iň ýokary çägine ýetendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar