Türk metugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1510226
Türk metugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan: Nirdede zulum bar bolsa, Türkiýe şol zulum edilýäniň ýanynda” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Türkiýäniň elmydama ejir çekýänleriň ýanynda durýandygyny, zalyma garşy dymmajakdygyny beýan etdi. “Liwiýada zulum bar. Siriýada 910 kilometr sehedimizde zulum bar. Somalide zulum bar” diýen Erdogan: “Azerbaýjanda ermeni zulumy bar. Olar biziň doganlarymyz. Taryh boýy ata-babalarymyzyň bize goýup giden borçlary bar. Biz durmarys we ol ýerde hem borjy berjaý etmegiň tagallasynda bolaryş” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Aliýew: “Türkiýe Azerbaýjanda harby baza açyp biler” söz başyly habarynda, Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýewiň 40-a golaý şäheriň we obanyň ermeni basybalyjylardan halas edilendigini nygtap, ýurduna howp abanan halatynda Türkiýäniň harby baza açyp biljekdigini aýtdy.

“Hürriýet” gazeti “Paşinýan ýeňilişi boýun aldy” söz başyly habarynda, Daglyk Garabagda yglan edilen ylalaşygy bozup, Genje şäherinde asuda ilaty gyran Ermenistanyň goşunlarynyň frontda agyr ýitgi çekmäge dowam edýändigini ýazýar. Gazet Ermenistanyň frontda çeken agyr ýitgisiniň Premýer-ministr Nikol Paşinýan tarapyndan boýun alynandygyny mälim edýär. Paşinýan ermeni güýçleriniň frontda agyr ýitgi çekendigini beýan edip, harby bölümlerin hem demirgazyk hem-de günorta taraplarda yza çekilmäge mejbur bolandygyny boýun aldy.

“Haber Türk” gazeti “Gresiýanyň “Türkler deňiz asty gämilerimizi görmeýär” tassyknamasy puja çykdy” söz başyly habarynda, Gresiýadaky käbir habar saýtlarynda grek deňiz asty gämileriniň Türk ýaragly güýçleri tarapyndan yzarlanyp bilinmeýändigi baradaky tassyknamalara orun berilendigini, emma görünmesizdigi we Gündogar Ortaýer deňizinde alynyp barylýan işleri görünmän yzarlaýandygy öňe sürülen grek deňiz asty gämileriniň Harby deňiz güýçleri tarapyndan minutma-minut yzarlanandygynyň mälim edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe buşlukly habara garaşýar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň 320 milliard m3 tebigy gaz buşlugyndan soň “Fatih” burawlaýyş gämisiniň Gara deňizde aşakky gatlaklarda täze gorlaryň bardygyny açandygyny, Erdoganyň ertir şol guýuda anyklanan 80 milliard m3 tebigy gaz ätiýajy hakynda beýannama bermegine garaşylýandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar