Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1508775
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Ministr Çawuşoglunyň reaksiýasy berk boldy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň Şwesiýanyň Daşary işler ministri Ann Lindiň bilelikdäki metbugat ýygnagynda “Türkiýäniň Siriýadan çekilmegini isleýäris” diýen sözlerine reaksiýa bildirendigini ýazýar. Gazet Çawuşoglunyň “Siz kimden alan ygtyýaryňyz bilen Türkiýäniň Siriýadan çekilmegini isleýärsiňiz ýa-da Türkiýä duýduryş berýäňiz? Biz Siriýany bölmek islemeýäris, emma siz Siriýany bölmek isleýän PKK terrorçylaryny goldamak üçin Türkiýä “çekil” diýýäňiz” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Çelik: Ermenistan asuda ilata wagşylarça hüjüm edýär” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat Sekretary Ömer Çeligiň partiýanyň Merkezi dolandyryjylar geňeşiniň maslahatyndan soň beren beýannamasynda: “Şol ýerler Azerbaýjanyň territoriýasy. Ony basyp alan Ermenistandyr. Halkara hukuga aç-açan äsgermezçilik edýän Ermenistandyr. Ermenistan garakçy döwlet ýaly Azerbaýjanyň goşunlaryna, asuda ilatyna hüjüm etdi. Biz Azerbaýjanyň gören çareleriniň ahlisiniň arkasynda durýandygymyzy gaýtalamak isleýäris. Nähili we haýsy görnüşde isleýän bolsalar Türkiýe goldamga dowam eder” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Albaýrak: Biz OEJD-de 1-nji, dünýäde 2-nji” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň senagat önümçiliginiň görkezijileri hakynda beren beýannamasynda: “Biz OEJD-de 1-nji, dünýäde 2-nji. Awgust aýynda senagat önümçiligi ýyllyk 10,4, bölek satuw mukdary 5,8 göterim ýokarlan bolsa, jemi mukdaryň indeksi 23,5 göterim ýokarlady” diýendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “THÝ Ýewropada ikinji orunda” söz başyly habarynda, Ýewropa howa gatnaw howpsyzlygy guramasynyň görkezijilerine görä Türk howaýollarynyň ýewropada uçuş taýdan ikinji orunda, baýdak göteriji howaýollarynyň arasynda bolsa birinjiligi elden bermändigini mälim edýär.

“Star” gazeti “Dönmez: Kanuny burawlaýyş gämimiz Gara denizde iş alyp barar” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň Twitterden beren habarnamasynda: “Kanuny” burawlaýyş gämimiz Mersiniň Taşuju portundan ugrady we “Ýawuza” salam berip, Haýdarpaşa portuna gönükdi. Bogazdan geçiş taýarlyklaryny tamamlajak “Kanuny” Gara deňize ugrar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar