Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1505090
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň Katar we Kuweýt habarnasy” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň Prezident R.T.Erdoganyň liderlik etmeginde Katara we Kuweýde guralan saparlar bilen bagly habarnama berendigini ýazýar. Gazet ministr Albaýragyň habarnamasynda: “Prezidentimiz R.T.Erdoganyň liderlik etmeginde Kuweýde we Katara bir günlük sapar guradyk. Aradan çykan Kuweýdiň Emiri Sabah al-Ahmed al-Jabir as-Sabah üçin duýgudaşlyk bildirdik. Katar bilen sebitleýin hyzmatdaşlyk ugurlarynda jebisligimizi berçinleşdiren duşuşyklar geçirdik” diýip ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Ministr Dönmez: Türk ykdysadyýeti şu tapgyrdan iň az ýitgi bilen çykan ýurtlardan biri bolar” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň Türkiýäniň pandemiýa döwrüni iň başarjaň gönükdiren ýurtlardan biridigini beýan edip: “Epidemiýa garamazdan maýa goýumlarymyzy bes etmedik. Önümçilik pudagymyzyň depgini peselse-de durmady. Ýuwaş hem bolsa, ýolumyza egilşiksiz dowam edýäris. Enşalla türk ykdysadyýeti soňky döwürde edilen başlangyçlar bilen bu tapgyrdan iň az ýitgi bilen geçen ýurtlardan biri bolar” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Grek mediasynyň ýapyk duran Maraş analizi: Açylmagynyň öňüni alyp bilmedik” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň “Garabasanlar Şäheri” atlandyrylýan ýapyk duran Maraş şäheriniň açylmagy hakyndaky kararynyň Kipriň grek mediasynda giň seslenme döredendigine ünsleri çekýär. Gazet grek mediasynyň Kipriň grek dolanşygynyň lideri Nikos Anastasiadisiň Maraşyň açylmazlygy üçin diplomatik taýdan uly tagallla edendigini, emma Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň, iňlisleriň we amerikalylaryň tagallalarynyň resmi Ankarany kararyndan dändirmändigini ýazandygyny mälim edýär.

“Star” gazeti “Russiýadan “wiza” karary: Sanawda Türkiýe hem bar” söz başyly habarynda, Russiýanyň ýurda gelýänler üçin elektron wiza düzgünine geçiljekdigini habar berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gazet Türkiýe bilen bilelikde 52 ýurduň raýatlarynyň 2021-nji ýyldan başlap Russiýa elektron wiza bilen baryp biljekdigini ýazýar.



Degişli Habarlar