Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetlerde ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1495785
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Türkiýeden BMG-de Palestina goldaw" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynda Ysraýylyň Palestina garşy basyş, ýadatmak we gorkuzmak syýasatyny alyp barýandygyny aýdandygyny habar berýär. Erdogan: "Palestina meselesi, diňe 1967-nji ýyldaky serhediň esasynda paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan garaşsyz, özygtyýarly we geografiýa taýdan dowamly bolan bir Palestina Döwletiniň döredilmegi bilen çözüler" diýip belledi. 

Haber Türk gazedi: "Erdogandan bütin dünýä sanjym bilen bagly ýüzlenme" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň. BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynda eden çykyşynda, haýsy ýurtda öndürilse öndürilsin, ulanylyşa taýar ýagdaýa getiriljek sanjymlaryň adamzadyň umumy hyzmatyna hödürlenmelidigini aýdandygyny mälim edýär. 

Hürriýet gazedi: "Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizinde ileri tutýan ugru adalatlylyk" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Gündogar Ortaýer deňizinde düşünişmezçilikleriň dialog bilen, halkara hukugyň esasynda, adalatlylyk ýörelgelerine laýyk ýagdaýda çözülmelidigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Gündogar Ortaýer deňizine kenardaş bolan ýurtlaryň arasynda dialogyň we hyzmatdaşlygyň ýola goýulmalydygy baradaky çagyryşyny gaýtalan Erdogan: "Içinde Kiprdäki türkler hem bolan sebitleýin konferensiýanyň geçirilmegini teklip edýäris" diýip nygtady. 

Star gazedi: "Türkiýe bilen Fransiýanyň arasynda telefon diplomatiýasy. Tema: Gündogar Ortaýer deňizi" söz başyly habarynda, Preizdent Rejep Taýýip Erdoganyň, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny beýan edýär. Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginiň barşynda Gündogar Ortaýer deňizindäki dartgynlygyň sebäbiniň Türkiýäniň we Kiprdäki türkleriň sebitdäki kanuny hukuklaryny äsgermezçilikdigini belläp, Fransiýanyň Gresiýanyň we Kipriň Grek Böleginiň dartgynlygy artdyrýan maksimalist öňe sürmelerini goldamagyna düşünmeýändigini nygtap geçdi. 

Ýeni Şafak gazedi: "Türkiýeden Gresiýa harby duýduryş" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Lemnos adasynyň 1923-nji ylda baglaşylan Lozan ylalaşygynda kesgitlenen harby bolmadyk statusynyň düzgüniniň bozulanlygy sebäpli Egeý deňizindä täze Nawteks yglan edendigini aýan edýär. Resmiler täze Nawtetksiň 24-nji sentýabr Türkiýäniň wagty bilen sagat 11:00-a çenli güýjüni gorajakdygyny habar berdiler. Türkiýe birnäçe gün ozal bolsa şuňa meňzeş bir Nawteks Hios adasy üçin hem yglan edipdi. 



Degişli Habarlar