Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1459493
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Liwiýa babatynda egilşik etmeris" söz başyly habarynda, Türkiýäniň hemişe öz haklaryny gorajak bir ýurt boljakdygana ünsleri çeken Erdogan: "Hiç kimiň hakyny elinden almaýan, emma öz hakyny gaňyryp alýan bir ýurt hökmünde hereket etmäge dowam ederis. Liwiýadaky soňky ýagdaýlara ýakyndan gözegçilik edýäris, bu babatda egilşik etmeris" diýendigini habar berýär.  

Sabah gazedi: "Türkiýe Gündogar Ortaýer deňizinde öz hukuklaryny goramaga dowam eder" söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň, Türkiýäniň Ýawuz we Fatih buraw gämileri bilen Gündogar Ortaýer deňizinde buraw işlerini geçirýändigini belläp, bu göçümleriň Gündogar Ortaýer deňizinde gurulan duzaklary ters öwrüendigini aýdandygyny mälim edýär. Erdogan: "Biz taraplaryň rugsat bermegine garaşmarys. Biz halkara hukuga laýyklykda, Gündogar Ortaýer deňizinde hukuklarymyz nähili bolsa şol ädimleri etdik, mundan soň hem ederis" diýip belledi. 

Hürriýet gazedi: "Erdogan Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny beýan edýär. Telefon söhbetdeşliginiň barşynda Liwiýadaky we Siriýadaky ýagdaýlar ara alynyp maslahatlaşyldy, ykdysadyýet we syýahatçylyk başda bolmak bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özgerdilmegi üçin ediljek ädimler ele alyndy. 

Ýeni Şafak gazedi: "Aliýew: Türk halkyna bolan söýgim syr däl" söz başyly habarynda, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Ermenistanyň guran hüjümlerinde Azerbaýjana goldaw beren Prezident Erdogana minnetdarlyk bildirip: "Türk halkyna bolan söýgim syr däl" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Aliýew: "Erdogan iki doganlyk ýurdyň hemişe bilelikde boljakdygyny aýtdy. Bu goldawy üçin doganyma çuňňur minnetdarlyk bildirýärin" diýip nygtady. 

Watan gazedi: "TOGG Britaniýanyň metbugatynda: Türkiýäniň döwrebap ilkinji ýerli awtoulagy" söz başyly habarynda, Britaniýanyň The Telegraph gazediniň: "Türkiýäniň döwrebap ilkinji ýerli awtoulagy TOGG-yň inženerçilik, dizaýn we önümçilik merkeziniň düýbüni tutmak dabarasy Bursa welaýatynyň Gemilik etrabynda ýerine ýetirildi" diýendigini aýan edýär. 


Etiketkalar: #gazet , #metbugat , #Bursa , #TOGG

Degişli Habarlar