Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1458919
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Prezident Erdogandan Kipr bilen bagly ýüzlenme" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, düýn Kipr Parahatçylyk operasiýasynyň 46 ýyllygyna bagyşlap çap eden ýüzlenmesinde, Kiprdäki türkleriň tutanýerli göreşinde hemişe ýanynda bolan Türkiýäniň 46 ýyl ozal bolşy ýaly şu günki gün hem Kiprde ýaşaýan türkleriň parahatçylygynyň, asudalygynyň we durnuklylygynyň güwäçisidigini belläp: “Adada hukuk taýdan we hemişelik bir çözgüde diňe Kiprdäki türkleriň deň hukukly statusynyň kabul edilmegi bilen mümkindir” diýendigini beýan edýär. 

Sabah gazedi: "Akar: Haftere berilýän ýardamyň we goldawyň iň gysga wagtda kesilmegi zerurdyr" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň çakylygyna laýyklykda düýn Türkiýä gelen Liwiýanyň Içeri işler ministri Fethi Başaganyň we Maltanyň Milli Howpsuzlyk we Içeri işler ministri Byron Kamilleriniň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn maslahatyň geçirilendigini aýan edýär. Maslahatdan soň beýanat beren Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Liwiýada parahatçylygyň, asudalygyň we territorial bütewiligiň üpjün edilmegine böwet bolýan huntaçy Halife Haftere berilýän ýardamlaryň we goldawlaryň iň gysga wagtda kesilmeginiň zerurdygyny belledi. 

Watan gazedi: "Ministr Pekjan Pakistanyň Umumy wirtual söwda wekiliýetiniň maslahatynda çykyş etdi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň, Pakistanyň dost we dogan ýurt bolmagyň daşynda Türkiýäniň örän möhüm söwda hyzmatdaşydygyny belläp: "850 million dollarlyk söwda kuwwady, ýurtlaryň ikisiniň hem potensialyny görkezmeýär. Bu iň gysga wagtda 1 milliard dollardan geçmeli" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Hürriýet: "Fatih, Gara deňizde buraw işlerine başlady" söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň, Fatih buraw gämisiniň Gara deňizde ilkinji buraw işlerine Tuna-1 diýilen ýerde başlandygyny aýdandygyny habar berýär. Fatih Dönmez, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Gara deňizde nebit we gaz gözleg işleri bilen baglanşykly: "Şu ýerde bar bolsa ony hökman taparys" diýip belledi. 

Ýeni Şafak gazedi: "Ýaşaýyş jaý satuwlarynda 32 göterimlik artyş" söz başyly habarynda, 2020-nji ýylyň ilkinji ýarymynda Türkiýede satylan ýaşaýyş jaýlarynyň sany, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 32 göterim artandygyny mälim edýär.


Etiketkalar: #maslahat , #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar