Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1454904
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Erdogan Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Russiýanyň Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny habar berýär. Erdogan we Putin, iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi bilen birlikde, sebitleýin parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukylyk üçin hyzmatdaşlyklaryny dowam etdirmek barada ylalaşyga geldiler. 

Hürriýet gazedi: "Çawuşoglyndan Ermenistana berk reaksiýa: Ermenistan özüne gelsin" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, düýn TRT Habar kanalynyň göni ýaýlymynda Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda bolýan ýaragly çaknyşyklaryň üstünde durup geçdip: "Ermenistan özüne gelsin. Ähli mümkinçiliklerimiz bilen Azerbaýjanyň ýanyndadyrys" diýendigini mälim edýär. 

Star gazedi: "Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Aksoýdan Borrelle Aýasofýa bilen bagly reaksiýa" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Hami Aksoýyň, ÝB-nyň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Jozep Borrelliň Aýasofýa bilen bagly beýanaty barada: "Ýene-de bir gezek Aýasofýanyň Türkiýä degişlidigini we statusynyň üýtgedilmegi bilen birlikde Aýasofýa bilen bagly ähli kararlaryň Türkiýäniň özygtyýarlylygy astyndadygyny belläp geçýäris. Hiç kim Türkiýäniň özygtyýarlylyk hakugyna goşulyp bilmez" diýendigini aýan edýär. 

Watan gazedi: "Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelikden Aýasofýa bilen bagly beýanat" söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çeligiň, Merkezi karar we dolanşyk geňeşiniň maslahatyndan soň, Aýasofýanyň ybadata açylmagyndan soň ÝUNESKO tarapyndan medeni miras hökmünde galyp-galmajakdygy bilen bagly mesele barada: "Aýasofýa metjit we global dünýäniň medeni mirasynyň kaşaňlygyny özünde jemleýän ähmiýetli bir ymarat hökmünde owadanlygyny görkezmäge dowam eder" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Haber Türk gazedi: "Ministr Warank: Maý aýynda iň çalt dikelen dünýäniň ilkinji 3 ýurdunyň biri boldyk" söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warankyň, senagat görkezijileri barada, Türkiýäniň maý aýynda iň çalt dikelen dünýäniň ilkinji 3 ýurdunyň biri bolandygyny, indeksiň ähli görkezijileriniň položitel bolandygyny aýdandygyny beýan edýär. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #dünýä

Degişli Habarlar