Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1453887
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Prezident Erdogandan Aýasofýa bilen bagly beýanat” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, Aýasofýanyň ýaňadandan ybadata açylmagy bilen bagly kabul edilen karar barada: “Aýasofýanyň statusy bilen baglanşykly gutarnykly karary başgalar dälde, türk milleti berer. Bu biziň içerki meselämiz. Beýleki ýurtlara bolsa diňe kabul edilen karara hormat goýmak galýar” diýendigini habar berýär.

Star gazedi: “Çawuşoglyndan Liwiýa bilen bagly anyk ýüzlenme” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Financial Times gazedine beren beýanatynda, Liwiýanyň hökümetiniň dine ýurdyň gündogaryndaky bikanun ýaragly güýçleriň lideri Halife Haftere tabynlykdaky güýçleriň Sirte we Jufra sebitlerinden çekilen we 2015-nji ýyldaky pozisiýasyna gaýdyp gelen halatynda, söweşi bes etjek parahatçylyk ylalaşygyny kabul etjekdigini aýdandygyny mälim edýär. Mewlüt Çawuşogly Haftere tabynlykdaky güýçleriň bu sebitlerden çekilmedigi saýyn, Liwiýanyň hökümetiniň hüjümlerini dowam etdirjekdigini beýan etdi.

Watan gazedi: “Türkiýe bilen Pars aýlagy ýurtlarynyň arasynda onlaýn söwda köprüsi dörediler” söz başyly habarynda, Söwda ministrliginiň Dubaý söwda Attaşeliginiň tagallasy netijesinde Pars aýlagy ýurtlary bilen Türkiýäniň arasynda sebitleýin bazarlary, elektron söwda platformalaryny maksat edinýän onlaýn söwda köprüsiniň dörediljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Sabah gazedi: “Dünýäde üç ýurdyň biri boldyk” söz başyly habarynda, Goranyş senagaty edarasynyň Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň düzümindäki ähli M60T taňklaryny kämilleşdirip, M60TM konfigurasiýasyna ýokarladandygyny aýan edýär. Goranyş senagaty edarasynyň başlygy Ismail Demir: “Taňklarymyzy aktiw goranyş ulgamlary bilen kämilleşdirip, bu mümkinçilige eýe dünýäde üç ýurdyň biri ýagdaýyna geldik” diýip belledi.

Ýeni Şafak gazedi: “Türkiýäniň ýerli ýaraglary we enjamlary onlaýn oýunda” söz başyly habarynda, Dünýäniň iň köp oýnalýan FPS onlaýn oýunlarynyň birine, Turkish Mod Team atly topar tarapyndan özgerdilen programma bilen, Baýraktar ýaragly we ýaragsyz uçarmansyz howa ulaglary, Anka, Kobra, Akrep, Kirpi, Atak dikuçarlary we Altaý taňky ýaly ýerli önümçilik bolan ulaglaryň, ok-därileriň we ýaraglaryň goşulandygyny aýan edýär. Şonuň saýasynda oýnaýan adamlar mundan başgada Türkiýäniň Ýaragly güýçleri ýa-da Polisiýanyň ýöriteleşdirilen toparynyň agzasy hökmünde Ýewfrat Galkany, Zeýtun Şahajygy, Parahatçylyk Çeşmesi we Liwiýa operasiýalaryna gatnaşyp bilýär.


Etiketkalar: #Türkiýe , #gazet , #Watan , #Erdogan

Degişli Habarlar