Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1452382
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Haber Türk” gazeti, “Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropadan jogapkär ýolbaşçysyndan Türkiýe barada öwgüli sözler” söz başyly habarynda, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropadan jogapkär ýolbaşçysy Hans Klýugeniň Ankarada saparda bolandygyny ýazýar.

Gazet, Hans Klýugeniň saparynyň çäginde beren beýanatynda, “Türkiýe täze görnüş koronawirus testine we bejergisine ähli migrantlary we bosgunlary degişli etmek bilen dünýä ýurtlaryna görelde boldy. Türk halky munyň bilen hem çäklenmän 135-den gowrak ýurda lukmançylyk enjamy kömegini berdi”diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti, “Ykdysadyýet kadalaşýar” söz başyly habarynda Türkiýe Respublikasynyň Merkezi bankynyň wideoaragatnaşyk arkaly maýadarlar bilen maslahat geçirendigini habar berýär.

Maslahatda eksportyň gün saýyn kadalaşýandygyna, Türkiýäniň saglygy goraýyş ulgamynyň beýleki ýurtlara görä has güýçli bolmagynyň koronawirusyň ykdysadyýete ýetirýän täsiriniň çäkli bolmagynda uly rol oýnaýandygyna üns çekildi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe tokaýlar taýdan dünýä üçünjisi” söz başyly habarynda, World Bankyň görkezijilerine görä, soňky 30 ýylda dünýädäki tokaýlaryň sany azalýarka, Türkiýede tokaýlaryň sanynyň köpelýändigini ýazýar.

Käbir ýurtlarda tokaýlaryň sanynyň azalýandygyna garamazdan Türkiýede soňky 25 ýylda tokaýlaryň sany sarty. Türkiýedäki tokaýlaryň sany 1990-njy ýylda ýurduň tutýan meýdany bilen deňeşdirilende 12, 502 göterimdy. Şol san 2016-njy ýylda 15,355 göterime ýetdi.

“Hürriýet” gazeti “Ýewropanyň iň owadan 15 şäherini saýladylar. Türkiýeden sanawda 1 şäher bar” söz başyly habarynda, merkezi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Trawel Leisuryň, her ýyl jahankeşdelerden, ýazyjylardan we hünärmenlerden ybarat emin agzalary bilen Dünýäniň iň gowularyny saýlaýandygyny ýazýar.

Ýewropanyň iň owadan 15 şäheri katerogiýasynda 88,14 bal bilen Stambul sanawda 2-nji orny eýeledi.

 

 

 



Degişli Habarlar