Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1448215
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: "Epidemiýadan soňky ilkinji sapar" söz başyly habarynda, Täze görnüş koronawirus epidemiýasyndan soňky ilkinji daşary ýurt saparyny amala aşyran Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, düýn Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Sani bilen duşuşyk geçirendigini habar berýär. Erdogana we Sana beýleki resmiler hem ýoldaşlyk etdi. Prezident Erdogan, duşuşykdan soň özüniň hormadyna berilen resmi nahardan soň ýurda gaýdyp geldi. 

Haber Türk gazedi: "Çawuşogly Germaniýada" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maas bilen geçiren duşuşygyndan soň, bolan umumy metbugat ýygnagynda ÝB-niň Türkiýe bilen bagly syýahatçylyk duýduryşynyň dowam etmegine nägilelik bildirendigini mälim edýär. Mewlüt Çawuşogly mundan başgada Gündogar Ortaýer deňizinde Fransiýa bilen başdan geçirilen dartgynlyk bilen baglanşykly: "Gämilerimiziň Fransiýanyň gämilerini biynjalyk edendigi baradaky öňe sürmeler dogry däldir. Fransiýanyň bizden ötünç soramagyna garaşýarys" diýip belledi. 

Watan gazedi: "Prezidentiň metbugat sekretary Kalyn: Türkiýe ýanlarynda bolmaga dowam eder" söz başyly habarynda, Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalynyň, Ysraýylyň halkara hukugy äsgermän etmek isleýän anneksiýa we basyp alyjylyk meýilnamasynyň hiç bir kanuna bap gelmeýändigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Kalyn: "Türkiýe hakly we kanuny dawasynda Palestinanyň halkynyň ýanynda bolmaga dowam eder" diýip nygtady. 

Sabah gazedi: "Ministr Pekjandan eksport bilen bagly beýanat" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň iýun aýynyň eksport görkezijileri barada beýanat berendigini aýan edýär. Pekjan: "Iýun aýynda eksportymyz geçen ýylyň iýun aýyna garanyňda 15,8 göterim artyp 13 milliard 469 million dollara barabar boldy, maý aýyna garanyňda bolsa 35 göterim ýokarlady" diýip habar berdi. 

Hürriýet gazedi: "Türkiýede polýar pingwin dünýä geldi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji Gentto görnüşli polýar pingwini 38 günlik inkubasiýa möhletinden soň, Stambul akwriumda 100 gram agyrlygynda dünýä gelendigini mälim edýär. Pingwiniň adyny bolsa Türkiýäniň raýatlary dakar. 


Etiketkalar: #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar