Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1445179
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Star” gazeti, “Tufeýli: Erdogan, Liwiýanyň durnuklylygy üçin tagalla edýär” söz başyly habarynda, Liwandaky şaýy alymlardan Şyh Subhi Tufeýliniň, Prezident R. T. Erdogana garşy Fransiýa, İtaliýa, Russiýa we Ysraýyla goldaw bermegiň dogry däldigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Gazet Tufeýliniň “Erdogan halklaryň bähbidi we Liwiýanyň durnuklylygy üçin tagalla edýär” diýen sözlerini ýatladýar.

“Sabah” gazeti “Terrorçylara degişli 24 gowak bilen gaçybatalgada ýarag we ok-däri tapyldy” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministrliginiň, Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy guralýan “Penje-Gaplaň” operasiýasynda ýerleri anyklanylan 24 gowak bilen gaçybatalgada köp sanly ýarag bilen ok-däriniň tapylandygyny mälim edendigini ýazýar.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, 17-nji iýunda başladylan operasiýasynyň üstünlikli dowam edýändigi nygtaldy.

“Haber Türk” gazeti, “Türkiýe, iňlisleriň syýahat koridorynyň arasynda” söz başyly habarynda, iňlis hökümetiniň 6-njy iýuldan soň käbir ýurtlara syýahat koridoryny açmaga taýarlanýandygyny we şol ýurtlaryň arasynda Türkiýäniň hem bardygyny habar berýär.

Syýahatçylyk firmalary şol habardan soň Türkiýede dynç almak üçin ýüz tutanlaryň sanynyň köpelendigini mälim etdi.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Bursa syýahatçylygynda pandemi pursada öwrülýär” söz başyly habarynda, Bursanyň saglyk syýahatçylygy taýdan esasy merkezlerden biri bolmagy üçin uly tagalla edilýändigini aýan edýär.

Şäherde  Uludag, ýaýlaglar we köller syýahatçylara garaşýar we koronawirusa garşy degişli çäreler görüldi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar