Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1443755
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Prezident Erdogan Koreýa urşunyň 70-nji ýylynda şehitleri we uruş gahrymanlaryny hormat bilen hatyralady” söz başyly habarynda, Perezident R.T.Erdoganyň Koreýa urşunyň 70-nji ýyly mynasybetli Günorta Koreýada geçirilen hatyralama çäresine ugradan wideo ýüzlenmesinde “Koreýa urşunyň 70-nji ýylynda eziz şehitlerimizi we uruş gahrymanlarymyzy hormat bilen hatyralaýaryn” diýendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe ABŞ-nyň “terrorizm habarnamasyna reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Hami Aksoýyň ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň 2019-njy ýyla degişli terrorizm habarnamasyna reaksiýa bildirendigini mälim edýär. Gazet Aksoýyň: “Habarnamada ýurdumyzyň ÝPG-ni PKK-nyň Siriýadaky bölegi hökmünde kabul edýändigini belläp, ÝPG-niň PKK bilen şol bir terror guramasydygynyň üsti ýapylmaga synanşylýar. Bu çemeleşme ÝPG-niň terrorist gurama bolmagynyň aç-açan nygtalmagyndan gaça durmak manysyny aňladýar. ABŞ-nyň şol terror guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýaňdigini hem delillendirýär” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “Prezidentiň Metbugat sekretary İbrahim Kalynyň Liwiýa hakyndaky beýannamasy” söz başyly habarynda, Prezidentiň Metbugat sekretary İbrahim Kalynyň Liwiýada ýetilen soňky sepgit barada beren beýannamasynda huntaçy Haftaryň agyr ýitgi çekendigini nygtap: “Fransiýa tarapyndan goldanýan Haftar haos bilen howply oýun oýnaýar” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “Ministr Warank: Birnäçe aýyň dowamynda şatlykly habar bereris” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warankyň koronawirusa garşy göreş boýunça sanjym taýarlaýyş işlerinde haýwanlarda synaglaryň ýokary depginde dowam edýändigini belläp: “Birnäçe aýyň dowamynda şatlykly habarlary bereris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Türkiýe bilen Ukrainanyň arasyndaky uçuşlar 1-nji iýulda başlar” söz başyly habarynda, Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiýniň Türkiýe bilen Ukrainanyň arasyndaky käbir uçar saparlarynyň 1-nji iýuldan başlajakdygyny belläp; “Onuň syýahatçylyk pudagyna goşant goşjakdygy meselesinde Türkiýäniň Prezident R.T.Erdogana goşulýaryn” diýendigini ýazýar.



Degişli Habarlar