Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1441393
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: "Türkiýäniň hödürlän kanun taslamasy kabul edildi" söz başyly habarynda, Türkiýe, Katar, Britaniýa, Germaniýa, Fransiýa, Italiýa, Iordaniýa, Kuweýt, Marokko we Gollandiýa ýaly ýurtlar tarapyndan hödürlenen "Siriýadaky adam hukuklaryň ýagdaýy bilen baglanşykly kanun taslamasy" BMG-nyň Adam hukuklary geňeşinde kabul edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Haber Türk gazedi: "Ministr Albaýrak: Türkiýäniň ykdysady ösüşi çaklamalardan ýokary bolar" söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň, sarp ediji ynam indeksiniň iýun aýynda 5,2 göterim artmagy bilen baglanşykly: "Kadalaşma etabynda ykdysadyýetimiz dünýäniň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende has çalt dikelýär. Iýun aýynda sarp ediji ynam indeksi ykdysady görkezijileriň oňyn häsýetdedigini görkezýär. Türkiýäniň ykdysadyýeti şu ýyl garaşylandan has ýokary görezijilere eýe bolar" diýendigini habar berýär. 

Hürriýet gazedi: "Goranyş pudagyndaky iň uly eksport şertnamasyna gol çekildi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň goranyş pudagyndaky iň uly eksporty bolan Pakistanyň MILGEM taslamasy bilen baglanşykly tankydy bir hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişilendigini mälim edýär. Pakistanyň Harby-deňiz güýçleri üçin öndüriljek MILGEM korwetleri, Türkiýäniň senagat we inženerçilik pudagynyň ýeten sepgidini görkezmegi taýdan möhüm bir taslama. 

Sabah gazedi: "Dünýä haýran galypdy. Azerbaýjan Türkiýeden ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryny satyn alar" söz başyly habarynda, Türkiýäniň goranyş senagatynda eden göçümleri bilen dünýäde bu ugurdaky ilkinjileriň hataryna girmegi başarandygyny beýan edýär. Hem esktremist terror guramasy PKK-a garşy  hem-de Siriýadaky we Liwiýadaky operasiýalarda uly üstünliklere eýe bolan ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryna bolan talap günsaýyn artýar. Azerbaýjan Türkiýeden ýaragly uçarmansyz howa ulagyny satyn aljakdygyny mälim etdi. 

Ýeni Şafak gazedi: "Ýuwentus 18 ýaşyndaky türk ýyldyzyny toparyna almak isleýär" söz başyly habarynda, Duşuşyklarda görkezen oýuny bilen özüni haýran galdyran türk futbolçy Merih Demiraldan hoşal galan Italiýanyň Ýuwentus futbol  komandasynyň, indi bolsa Germaniýanyň Werder Bremen komandasynda oýnaýan 18 ýaşyndaky Eren Dinkçini almak üçin işe girişendigini aýan edýär. 



Degişli Habarlar